Häzirki wagtda elektroulag öndürmegi bilen tanalýan hem bolsa, “Tesla” kompaniýasy binalaryň üçeklerini we beýleki ýerleri Gün panelleri bilen örtüp, elektrik energiýasyny öndürmek we ony saklamaga degişli taslamalary hem durmuşa geçirýär. Kompaniýanyň häzire çenli 500 müňden gowrak Gün panelini jaýlaryň üçeklerine ýerleşdirendigi habar berildi. Kompaniýa 2016-njy ýylda “SolarCity” şereketini satyn alanyndan soňra şeýle tehnologiýanyň önümçiligine başlady. Şu ýylyň başynda “Tesla” ABŞ-nyň Gün paneli bazarynda birnäçe rekord goýdy. Kompaniýanyň binalaryň üçeklerine ýerleşdiren panelleriniň önümçilik mukdarynyň 4 Gigawatdygy mälim edildi. Bu bolsa her bir gurnamanyň ortaça önümçilik kuwwatynyň 8 kilowatdygyny aňladýar.
Soňky döwürde “Tesla” ýaşaýyş jaýlarynyň Günden alynýan energiýa bilen üpjün etmek işinde beýleki şereketler bilen hyzmatdaşlyk edýär. Kompaniýa diňe Gün panellerini däl, eýsem panel arkaly öndürilen elektrik energiýasyny saklaýan batareýalary we elektroulaglary zarýad berýän enjamlary hem gurnaýar. Ýagny kompaniýa müşderilerine giň ekoulgamy hödürleýär.
Hojaberdi Arrykow,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri ylmy-önümçilik merkeziniň tehniki işgäri
PDF









