Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe medeniýet we sungat işgärleri yhlasly hem-de tutanýerli zähmeti bilen ýurdumyzda gazanylýan ägirt uly üstünlikleri we ösüşleri, döwletimiziň dünýädäki belent at-abraýyny ýokary derejede wasp etmäge, amala aşyrylýan özgertmeleriň many-mazmunyny giňden açyp görkezmäge uly goşant goşýarlar.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda aýdym-saz sungatyny ösdürmäge goşan saldamly goşantlary üçin, ýokary ýerine ýetirijilik hem-de hünär ussatlygy bilen döwletimiziň we halkymyzyň öňünde bitiren uly hyzmatlaryny, uzak ýyllaryň dowamynda çeken halal, döredijilikli zähmetini nazara alyp, karar edýärin:
Ýurdumyzyň şu raýatlaryna «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly ady dakmaly:
Ahal welaýat Medeniýet müdirliginiň «Ahal öwüşginleri» etnografik-folklor tans toparynyň artisti Kuwwat Hojanazarowiç Çaryguliýewe,
Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň ýaşaýjysy, aýdymçy Döwletgeldi Jumamyradowiç Amanlykowa.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2022-nji ýylyň 21-nji dekabry.