Türkmenistan döwletimiz örän köp mukdardaky uglewodorod serişdelerine we beýleki ýerasty baýlyklaryna, üstaşyr geçirmek babatda ulag mümkinçiliklerine eýedigi aýdyň hakykatdyr. Geljegi rowaçly we ägirt uly mümkinçiliklere eýe bolan senagat pudaklarynyň biri-de himiýa senagatydyr.
Ata Watanymyzyň tebigy gazyň ägirt uly goruna eýe bolmagy gaz himiýasyny ösdürmekde giň mümkinçilikleri döredýär. Sebäbi tebigy we ugurdaş gazyň düzümindäki maddalary gaýtadan işlemek arkaly gymmatly önümleri öndürmekde häzirki zaman himiki tehnologiýalaryna üns barha artýar. Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüji döwlet syýasatynyň netijesinde ýurdumyz geljekde iri gazhimiýa toplumlaryny gurmaklyga we gazy gaýtadan işlemeklige ünsi artdyryp, ynamly ädimleri ädýär.
Ýurdumyzda himiýa pudagyny has-da ösdürmek maksady bilen «Türkmenistanda himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmegiň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny tassyklamak hakyndaky» Karar kabul edildi.
Bu Maksatnama laýyklykda, ýakyn bäş ýylda himiýa ylmynyň eýeleýän ornuny ýokarlandyrmak, ekologiýa taýdan arassa, energiýa tygşytlaýjy, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmek boýunça innowasion tehnologiýalary işläp düzmek babatda yzygiderli işleri geçirmek, önümçilige ylmy-barlaglaryň netijelerini ornaşdyrmagyň depginini güýçlendirmek bilen, ylmyň, bilimiň hem-de önümçiligiň ýakyn özara baglanyşygyny üpjün etmek maksat edinilýär.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde gaz himiýasy, nebit himiýasy, dag-magdan baýlaşdyrmak, mineral dökünlerini öndürmek ýaly himiýa senagatynyň häzirki zaman ugurlaryny güýçli depginler bilen ösdürmekde uly maksatnamalar amala aşyrylýar.
Türkmenabatdaky S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawody ýurdumyzda baýry kärhanalaryň biri bolup, öz taryhy ýolunda we häzirki wagtda ylmy-tehniki mümkinçiligiň esasy bir düzümi ýokary derejeli hünärmenlere esaslanyp, oba hojalyk pudagy bilen ysnyşykly işleşip, mineral dökünleriň, organomineral dökünleriň, ösümlikleri goraýjy serişdeleriň hem-de ýurdumyzyň halk hojalygynyň beýleki pudaklarynda giňden peýdalanylýan önümleriň birnäçe görnüşini işläp taýýarlady we senagat önümçiligine ornaşdyrdy.
Bu kärhananyň esasy öndürýän önümi – fosforly mineral dökünler bolup durýar. Kärhanada öndürilýän fosforly dökünler ýurdumyzda ösdürilip ýetişdirilýän bugdaý, pagta we beýleki oba hojalyk ekinlerini iýmitlendirmek üçin sarp edijilere iberilýär.
Garaşsyzlyk ýyllarynda himiýa pudagynda ylmyň, bilimiň we önümçiligiň ýakyn özara baglanyşygynyň üpjün edilmegi netijesinde kuwwatly önümçilikler ýola goýuldy. Bu ugurda soňky ýyllarda ulanmaga berlen «Tejenkarbamid», «Marykarbamid», «Garabogazkarbamid» zawodlaryny, Garlyk dag-magdan toplumyny, Gyýanlydaky polimer zawodyny hem-de Ahaldaky tebigy gazdan benzin öndürýän dünýädäki ilkinji zawody görkezmek bolar.
Ýurdumyzyň günbatarynda ýerleşýän «Garabogazkarbamid» zawody ýylda kuwwaty 1 million 155 müň tonna karbamid dökünleri öndürmäge niýetlenendir. Bu gaz-himiýa toplumynyň işe girizilmegi Türkmenistanyň Merkezi Aziýa sebitinde mineral dökünleriň iň iri öndürijisine we eksportýoryna öwrülmegine mümkinçilik döretdi. Bu kärhana sebitiň iň iri we döwrebap zawody bolup durýar.
Baýrammämmet HOJAMÄMMEDOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň uly mugallymy.