Gün panelli ýaşaýyş jaýlary gurulýar

101

Elekt­rou­lag ön­dür­me­gi bi­len meş­gul­lan­ýan “Tes­la” kom­pa­ni­ýa­sy elekt­rik ener­gi­ýa­sy­ny di­ňe aras­sa çeş­me­ler­den al­mak mak­sa­dy bi­len esas­lan­dy­ry­lyp­dy. Şeý­le bo­lan­soň, kom­pa­ni­ýa ulag­la­ryň elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­läp bil­jek­di­gi­ni, öý­le­riň bol­sa, Gün şöh­le­si ar­ka­ly elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len ýe­ter­lik de­re­je­de üp­jün edi­lip bi­lin­jek­di­gi­ni öňe sür­ýär. Şol se­bäp­li Ilan Mas­kyň ýol­baş­çy­lyk ed­ýän kom­pa­ni­ýa­sy di­ňe elekt­ro­mo­bil ön­dür­mek bi­len çäk­len­män, ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­nyň üçe­gi­ne otur­dy­lan Gün pa­nel­le­ri­ni we şo­ňa de­giş­li beý­le­ki gur­na­ma­la­ry hem ön­dür­ýär. Mer­ke­zi eda­ra­sy Te­has­da ýer­leş­ýän “Go­od Faith Ener­gy” kom­pa­ni­ýa­sy bol­sa, ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­ny “Tes­la So­lar Ro­of” gur­na­ma­la­ry bi­len üp­jün edip baş­la­dy. “Go­od Faith Ener­gy” şe­re­ke­ti, il­kin­ji no­bat­da, 30 kW kuw­wat­ly 11 müň ine­dör­dül metr­lik Gün pa­nel­li bi­na­nyň gur­lu­şy­gy­ny ama­la aşyr­dy. “Tes­la”-nyň ön­dür­ýän Gün pa­nel­le­ri gur­na­ma­la­ry adat­da­ky­lar­dan has ne­ti­je­li bol­ma­gy bi­len ta­pa­wut­la­nyp, jaý­da peý­da­la­nyl­ýan elekt­rik ener­gi­ýa­sy­ny üp­jün ed­ýär. Bu gur­na­ma­lar has çe­ýe bo­lup, Gü­nüň he­re­ke­ti­ne gö­rä aý­lan­ýar. Bi­ler­men­ler ýa­şa­ýyş jaý­la­ryň üçe­gi­ne otur­dyl­ýan Gün pa­nel­le­riň gel­je­gi­niň ulu­dy­gy­na ün­si çe­kip, bu gur­na­ma­la­ryň hem ýa­şaý­jy­la­ryň ener­gi­ýa üçin çyk­da­jy­la­ry­ny azalt­mak, hem-de daş­ky gur­şaw üçin peý­da­ly bol­jak­dy­gy­na ün­si çek­ýär­ler.

Eziz Hy­dy­row, Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by