Türk döwletleri guramasynyň onunjy sammiti 2023-nji ýylda Gazagystanda geçiriler. Bu barada Gazagystanyň Prezidentiniň metbugat gullugy ýurduň lideri Kassym-Žomart Tokaýewiň TDG-niň Baş sekretary Kubanyçbek Ömüraliýew bilen duşuşygyndan soň habar berdi.
“Döwlet baştutany, guramanyň sekretariatynyň öňünde şu ýylyň oktýabr aýynda Samarkandda geçirilen sammitde kabul edilen ileri tutulýan ugurlary we başlangyçlary netijeli durmuşa geçirmek meselesiniň durýandygyny aýtdy. Türk döwletleri guramasy 2009-njy ýylda döredildi. TDG-niň indiki, onunjy ýubileý sammiti 2023-nji ýylda Gazagystanda geçiriler” diýlip beýanatda bellenilýär.
Şeýle hem Gazagystanyň Prezidenti Kassym-Žomart Tokaýew TDG-niň Baş sekretary wezipesine Ömüraliýewiň bellenmegi bilen gutlady. Kassym-Žomart Tokaýew, guramany esaslandyryjylaryň biri hökmünde Gazagystanyň türk döwletleri bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini we sekretariýatyň işine ýokary goldaw berjekdigini aýtdy.
Ol häzirki wagtda guramanyň türk halklarynyň hyzmatdaşlygyny we jebisligini berkitmek üçin özboluşly platforma hökmünde ähmiýetiniň ep-esli artandygyny belledi. Gurama bilen söwda, ykdysady, medeni we gumanitar gatnaşyklary giňeltmek maksady dünýäniň köp döwletleri we halkara guramalary tarapyndan isleg bildirilýär – diýip Kassym-Žomart Tokaýew belledi.
2009-njy ýylda döredilen Türk dilli döwletleriň Hyzmatdaşlyk Geňeşi 2021-nji ýylyň noýabr aýynda Stambulda geçirilen sammitde Türk döwletleri guramasy diýip adyny üýtgetmek barada karar kabul etdi. Bu guramanyň düzümine Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Türkiýe we Özbegistan girip, Türkmenistan we Wengriýa synçy hökmünde gatnaşýar.