Berliniň Gelmgols adyndaky material we energiýa merkeziniň bilermenleri has netijeli Gün panelini döredi boljak materialy işläp taýýarladylar. Bu material peroskit we silikon esasly Gün panellerinde netijeliligi 32 göterimden gowrak artdyrýar. Şeýle Gün panelleri Gün şöhlesiniň spektriniň dürli bölekleri arkaly has gowy netije berýär. Mälim bolşy ýaly, perowskit gök şöhläni has gowy kabul edýän bolsa, silikon gyzyl we infragyzyl şöhlelerine has ýiti duýýar. Ikisiniň birleşmeginiň netijesinde has giň spektr giňişligi emele gelýär. Bilermenleriň bu teklibi häzirki wagtda işlenip taýýarlanýan ähli Günden energiýa alýan tehnologiýalaryň arassynda iň netijelisi boldy. Mundan ozalky rekordyň bir aý ozal hasaba alnandygy we 31,25 göterimlik netije berendigi mälim edildi. Bu materialdan taýýarlanan täjirçilik maksatly Gün panelleriniň haçan peýda boljakdygy mälim edilmedi.
Akpamyk Ýegenbaýewa, Türkmenistanyñ Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyby