Geljek ýyl arassa energiýa üçin 70 milliard ýewro sarp ediler

126

Niderlandlaryň ING banky geljek ýyl Ýewropada ýel we Gün energiýasy üçin 70 milliard ýewro maýa goýumyň özleşdiriljekdigini mälim etdi. Bu maýa goýumy elektrik önümçiligini 58 müň MW artdyrar. Maliýe edarasynyň bu barada taýýarlan maglumatnamasynda geljek ýyl ABŞ-da täzelenýän energiýanyň önümçilik mukdary 32 müň MW artar. Bu ýurtda arassa energiýa 37 milliard ýewro (35 milliard dollar) maýa goýum gönükdiriler. Şeýle hem howadan kömürturşy gazyny tutýan tehnologiýanyň önümçilik kuwwatynyň 44 göterim artyp, 244 million tonna/ýyl bolmagyna garaşylýar. Maglumatda alternatiw energiýa hökmünde wodorodyň ulanylyşynyň entek başlangyç tapgyrynda barýandygy bellenilýär.

Şeýle hem maglumatda elektroulag batareýalaryna bolan islegiň 2020-nji hem-de 2021-nji ýyllarda iki esse artyp,  0,3 TWsagat/ýyla ýetendigi bellenilýär. Bu görkezijiniň 2023-nji ýylda 0,6 TWsagat/ýyla ýetmegine garaşylýar.

Jumagül Rejepowa, Türkmen Döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby