Kanadada 2026-njy ýyldan başlap satuwa hödürlenýän ulaglaryň bäşden biri, 2035-nji ýyldan başlap ählisi elektroulag bolar. Ýurduň Daşky gurşaw we howa ministrligi 2030-njy ýyla çenli ähli awtoulaglaryň 60 göteriminiň elektrik energiýasy bilen işleýän bolmagyny gazanmagy maksat edinýär. Häzirki wagtda ýurtda elektroulag satuwy o diýen köp däl. Şu ýylyň birinji ýarymynda dolulygyna elektrik energiýasy bilen işleýän ýa-da gibrid ulag satuwy ähli ulaglar...