Kanadada 2035-nji ýyldan başlap diňe elektroulag satylar

150

Kanadada 2026-njy ýyldan başlap satuwa hödürlenýän ulaglaryň bäşden biri, 2035-nji ýyldan başlap ählisi elektroulag bolar. Ýurduň Daşky gurşaw we howa ministrligi 2030-njy ýyla çenli ähli awtoulaglaryň 60 göteriminiň elektrik energiýasy bilen işleýän bolmagyny gazanmagy maksat edinýär. Häzirki wagtda ýurtda elektroulag satuwy o diýen köp däl. Şu ýylyň birinji ýarymynda dolulygyna elektrik energiýasy bilen işleýän ýa-da gibrid ulag satuwy ähli ulaglaryň bary-ýogy 7,2 göterimini emele getiripdir. Geçen ýylyň degişli döwründe bu görkeziji 5,2 göterim bolupdyr. Maglumatlara görä, Ýurtda awtoulaglar howa goýberilýän zyýanly gazlaryň ondan birini emele getirýär.

Maýa Akmyradowa, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň uly mugallymy.