Eziz çagalar!
Siz okuw ýylynyň jemleýji tapgyry 4-nji çärýege gadam basdyňyz. Synpdan-synpa geçiş synaglaryndan soňra, tomusky dynç alyş möwsüminde çagalar sagaldyş merkezleri size gujak açar.
Okuw ýylynyň jemleýji çärýeginde ýene-de bir gezek özümizi dürsäp, uly güýç bilen sapaklara taýýarlanmaga ünsümizi jemlemeli. Mekdepde mugallymyň düşündiren temasyna, öýe berlen ýumuşlara ünsümizi jemlemek üçin näme etmeli?
Okuwda üstünlik gazanmak üçin her sapaga ünsli taýýarlanmaly. Onuň üçin ýörite bellenen wagt ýokdur. Haçan-da, özüňizi oňaýly duýanyňyzda, beden hem-de ruhy taýdan rahat bolanyňyzda, öý ýumuşlaryny etmäge başlaň! Mysal üçin, ajykmagyň sapakdan ünsüňizi sowmagy mümkin. Şonuň ýaly zerurlyklar kanagatlandyrylanyndan soňra, sapaga taýýarlanmaga girişmek dogry bolar. Wagty her dersiň aýratynlygyna görä, ulanyp bilersiňiz.
Sapaga taýýarlanmaga başlamankaňyz, ünsüňizi jemlemek wajypdyr. Munuň üçin, ilkinji nobatda, ünsüňizi sowjak zatlary gözden geçirmeli.
Daş-töweregiňizdäki gerekmejek zatlary aýryp, stoluň üstünde sapaga degişli esbaplary goýmaly.
Meýilnamaňyz esasynda tutanýerli bolmaly. Mysal üçin: 30 minut matematika sapagyna taýýarlanmagy göz öňünde tutan bolsaňyz, şony ýerine ýetirjek bolmaly! Arasyny bölmeli däl.
Özüňize ynanmaly hem-de ünsli bolmaly!
Sapaga taýýarlanýarkaňyz her biriniň arasynda 10–15 minut arakesme etmeli. Bu siziň öwrenen zatlaryňyzyň ýadyňyzda gowy galmagyna kömek eder.
Kämahal “Näçe gaýtalap okasam-da, kelläme zat girenok” diýip, zeýrenýän okuwça-da gabat gelinýär. Munuň asyl sebäbi ünsi bir ýere jemläp bilmezlikdir. Beýle edilmän, näçe sagat okalsa-da, netijeli bolmazlygy mümkin. Şeýle bolmazlygy üçin ýokarda görkezilen çözgütleri ýerine ýetirmek, siziň ünsüňizi jemlemäge kömek eder.
Sapaga taýýarlanýarkaňyz, aýdym-saz diňlemek pikiriň jemlenmegine päsgel berer. Ynsan birbada birnäçe zady görüp, eşidip, diňläp biler. Emma şolaryň içinden diňe birine ünsüni gönükdirip biler. Şol sebäpli, ýa sapaga taýýarlanmaly, ýa–da aýdym–saz diňlemeli.
Başarjaňlaryň öňünde elmydama goýan maksatlary bolýar, şol sebäpli olar howatyrlanmak ýa-da gabat gelen kynçylyklardan zeýrenmäge derek, bütin ünsüni öňde goýlan meseleleri dogry çözmäge gönükdirýärler.
Ünsüňi jemlemek endigi ynsanda dogabitdi bolman, eýsem, öwrenilip kämilleşdirilýän endikdir.
Kämil bolmak isleseň, özüň bilen dalaş, özüň bilen tutluş, özüň bilen garpyş!
Kämillik öz-özüňi ýeňmegi başarmakdyr.
Özüňe hökümdar bol, özüňe erk edip bilseň, islendik işiň hötdesinden gelip bilersiň!
Agamyrat NAZAROW, psiholog.