Howanyň bolmalysyndan has maýyl bolmagy, düzümindäki kömürturşy gazynyň mukdarynyň artmagy daşky gurşawa gönüden-göni täsir edýär. Şol sebäpli tebigaty has-da aýawly saklamak maksady bilen uly taslamalar durmuşa geçirilýär. Munuň üçin halkara derejesinde maslahatlar guralýar, ylmy merkezlerde täze açyşlar edilýär. Hünärmenleriň soňky açyşy senagat desgalarynyň ýüze çykarýan uglerodyny arassalamagy maksat edinýär. Indiana uniwersitetiniň hünärmeni Liang-Şi Li hem-de dünýäniň dürli ýurtlarynyň alymlary Ýeriň atmosferasyndaky kömürturşy gazyny uglerodyň okisine öwürýär. Ylmy toparyň taýýarlan molekulasy yşykdan ýa-da elektrik energiýasyndan peýdalanýar. Bu usul howada zyýanly gazy ýok etmekde häzire çenli oýlanyp tapylan iň uly açyş hasaplanýar. Molekulýar ýaprak tarapyndan howadaky kömürturşy gazyndan öndürilen uglerodyň okisini ýangyç hökmünde hem ulanyp bolýar. Bu usuly durmuşa geçirmek üçin Gün energiýasyndan peýdalanmak maksat edinilýär. Senagat öwrülişiginden bäri atmosfera goýberilýän kömürturşy gazy yzygiderli artýar. Şol sebäpli, soňky ýyllarda kömürturşy gazyny azaltmak üçin düýpli işler durmuşa geçirilýär.