Al­ži­riň Pre­zi­den­ti Ab­del­ma­jid Teb­bun öz ýur­du­nyň gel­jek ýyl­da BRIKS gu­ra­ma­sy­na ag­za bol­ma­gy­na umyt ed­ýän­di­gi­ni ha­bar ber­di. Onuň söz­le­ri­ne gö­rä, Rus­si­ýa, HHR, GAR we Bra­zi­li­ýa eý­ýäm ýur­duň bi­le­le­şi­ge gir­me­gi­ni ma­kul­la­dy. Bu ba­ra­da “RIA No­wos­ti” ha­bar ber­di.
-2023-nji ýyl Al­ži­riň BRIKS-e go­şul­jak ýy­ly bo­lar –di­ýip, Teb­bun bel­le­di.
Al­ži­riň BRIKS-e, ýag­ny Bra­zi­li­ýa­nyň, Rus­si­ýa­nyň, Hin­dis­ta­nyň, Hy­ta­ýyň we Gü­nor­ta Af­ri­ka Res­pub­li­ka­sy­nyň döw­le­ta­ra bi­le­le­şi­gi­ne gir­mek ba­ra­da ar­za bi­len ýüz tu­tan­dy­gy­ny öň ýur­duň DIM-niň hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy bo­ýun­ça ýö­ri­te we­ki­li Leý­la Za­ru­ki ha­bar be­rip­di. Ol gu­ra­ma­nyň iýun­da ge­çen sam­mi­tin­de Rus­si­ýa bi­len Hy­ta­ýyň Res­pub­li­ka­nyň gu­ra­ma ag­za bol­mak ba­ra­da meý­li­ni gol­dan­dy­gy­ny bel­le­di.
Al­ži­riň li­de­ri Ab­del­ma­jid Teb­bun ýa­ňy ýa­kyn­da ýur­duň BRIKS-e gir­mä­ge taý­ýar­dy­gy­ny yg­lan et­di we mu­nuň üçin äh­li şert­le­riň di­ýen ýa­ly bar­dy­gy­ny aýt­dy.
“Af­ri­ka­nyň işe­wür­lik baş­lan­gy­jy” bi­le­le­şi­gi­niň eda­ra­sy­nyň ýol­baş­çy­sy, “Wal­daý” klu­by­nyň bi­ler­me­ni Na­tal­ýa Saý­ze­riň aýt­ma­gy­na gö­rä, Af­ri­ka yk­ly­myn­dan ýe­ne bir döw­le­tiň BRIKS-e ag­za bol­ma­gy bi­le­le­şi­gi has-da ber­ki­der.