2022-nji ýylda Müsürdäki Sues kanaly 7,932 milliard dollar girdeji gazandy. Bu barada Sues kanalynyň administrasiýasynyň başlygy Osama Rabi habar berdi.
Parlamentiň maslahatynda “2022-nji ýyldaky girdejiler Sues kanalynyň taryhynda iň ýokary derejedir” diýip, ol belledi. 2021-nji ýyldaky girdeji 6,333 milliard dollar boldy.
Onuň sözlerine görä, 2022-nji ýylda Sues kanalyndan 1,4 milliard tonna ýükli 23 müňden gowrak gämi, öňki ýylda bolsa 21,7 müň gämi geçdi.
Sues kanalynyň başlygynyň öňki orunbasary Wael Kaddur rekord girdejileri nebite bolan isleg bilen düşündirdi, sebäbi energiýa göterijileriniň deňiz gatnawy, esasan, Sues kanalyndan geçýär. Ol 2023-nji ýylyň ýanwaryndan tranzit üçin tölegleriň 10-15 göterim ýokarlandyryljakdygy sebäpli ýakyn ýyllarda girdejileriň artmagyna umyt bildirdi.
Sues kanaly, Müsüriň milli girdejileribiň we pul ätiýaçlyklarynyň esasy çeşmeleriniň biridir.