Ekologiýa we daşky gurşawa zyýanly zyňyndylaryň mukdaryny azaltmak ugrundaky global tendensiýa gurluşyk pudagyna hem täsir edýär. Nemes alymlary, Nigeriýadaky kärdeşleri bilen bilelikde ösümliklerden sement öndürdiler. Sement öndürmek üçin ylmy barlag topary belli bir temperaturada ýanýan manioka ösümliginiň gabygyny ulandylar. – “Ösümligi ýakmak arkaly alnan külden häsiýeti semente meňzeş önümiň üstünde işleýäris. Ony adaty sementiň ýerine birleşdiriji madda hökmünde ulanmak bolar” – diýip, Wolfram Şmidt adyndaky materiallaryň synagy we barlag Federal institutynyň inžener-gurluşykçysy belleýär.

Şeýle-de olar şaly önümçiliginiň galyndylaryndan we başga ösümliklerden öndürip boljak gurluşyk çig mallaryny teklip etdiler. Bu diňe bir organiki galyndylary gaýtadan işlemegiň usuly bolman, eýsem sement önümçiligi üçin ykdysady taýdan amatly hasaplanýar. Mundan başga-da, şeýle gurluşyk çig maly berk we uzak wagt ulanmak üçin çydamly bolýar. Maniokadan öndürilen ilkinji beton binasy geljekki ýyl Lagos uniwersitetiniň (Nigeriýa) şäherçesiniň bir bölegi hökmünde gurlar.

Çaryguly JAMMAÝEW, Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.