Iki aý ozal geçirilen bäsleşikde Angliýanyň gözeli saýlanan Jessika Gagen kosmosa çykmak isleýändigini mälim etdi. Kosmos inženerçiligi hünäri boýunça bilim alýan 27 ýaşly Gagen beýleki zenanlara bilim we tehnologiýa ugurlaryna aralaşmaklary üçin görelde bolmak isleýändigini mälim etdi. Liwerpul uniwersitetinde okaýan talyp geljek aý “Älem gözeli” bäsleşigine hem gatnaşar. Geljek ýyl ýokary bilimi tamamlajak talyp, kosmosa çykan ilkinji “Älem gözeli” bolmagy arzuw edýändigini aýdýar. Gagen üç ýylyň dowamynda astronawt bolmak arzuwyny ýetip biljekdigini aýdýar. Iňlis gözeli inženerçilik diplomunyň özüne köp mümkinçilikleri hödürlejekdigini, arzuwyna ýetmek üçin Ýewropa kosmos agentligine ýüz tutmagy meýilleşdirýändigini belledi. Mundan ozal Gagen üç ýyl aspirantura hem okamak isleýär. Ondan soňra astronawt bolmak üçin ýüz tutar. Ol mekdepde matematikadan, takyk we tebigy bilimlerden ökde okandygyny aýdýar. Ol Halkara kosmos bekedine çykyp, şol ýerden çagalara bilim bermekdigini belleýär.
Gagen şu ýyl Birminghemde geçirilen çärede “Anliýanyň gözeli” saýlanypdy. Ol bu bäsleşikde ýeňiji bolan ilkinji çypar saçly zenan bolupdy.