Pandemiýa döwründe dürli pudaklarda uzak aralykdan işlemek düzgüni ýola goýlup, bu düzgün käbir ýerlerde çäklendirilmeleriň ýatyrylmagy bilen hem dowam etdirildi. Uzak aralykdan işlemek işgärleri ýol gatnawy we beýleki çykdajylaryny we wagtynyň tygşytlamaga ýardam edýän bolsa, iş ýerleriniň hem günortanlyk nahar, energiýa we beýleki çykdajylaryny azaltmaga ýardam edýär. Mark Zukerbergiň ýolbaşçylyk edýän “Meta” kompaniýasynda işleýän 28 ýaşly Istin Welss uzak aralykdan işlemek üçin uzak aralyga syýahat edýän kruiz gämisiniň bir otagyny 12 ýyllygyna kärendesine aldy. Şeýlelikde Wels gämidäki ähli hyzmatlardan peýdalanmak hukugyna hem eýe boldy. Onuň töleginiň adaty öýleriň kärendesinden az boljakdygy mälim edildi. “Meta”-nyň işgäriniň boljak gämisiniň häzirki wagtda gurluşygy dowam edýär. “MV Narrative” atly gäminiň 2025-nji ýylda ulanyşa goýberiljekdigi mälim edildi. CNBC teleýaýlymynyň habaryna görä, kärendeçi 12 ýyl üçin 300 müň dollar tölär. Welsiň boljak otagyny ömürlik hem kärendä alyp bolýandygy, onuň bahasynyň 1 million dollardan başlanýandygy mälim edildi. Bu gäminiň 1000 günüň dowamynda 6 yklymy aýlanjakdygy, her portda üç günläp labyr taşlajakdygy habar berildi. Welss gämidäki iýip-içgi, howuz, arassaçylyk, saglygy goraýyş hyzmatlary bilen bir hatarda barlara hem tölegsiz girip biler. Welssiň 12 ýyllygyna satyn alan otagyny kärendesiniň aýlyk töleginiň 4500 dollardygy mälim edildi. Welssiň tölejek puly aýa bölünende 2083 dollardan düşýär.