Günden energiýa almak babatda köp ýyllyk tejribäniň bardygyna garamazdan, entek Günden ýeterlik derejede peýdalanylmaýar. Sebäbi olaryň panellerini we beýleki tehnologiýalaryny gurmak üçin ilkibada köp çykdajy etmeli bolýar. Şol sebäpli şöhleden has netijeli peýdalanýan tehnologiýa yzygiderli kämilleşdirilýär. Laboratoriýa şertlerinde şöhleden 29 göterime çenli netije alyp bolýar. Emma Gün panelleriniň netijeliligi 20 göterimden ýokary bolsa, gowy hasaplanýar. Golaýda ýapon bilermenleri 26,3 göterim netije almagy başardylar. Ýaponiýanyň “Kaneka” şereketiniň işi beýleki ylym-bilim edaralary tarapyndan tassyklandy. Hünärmenler täze usullaryň birnäçesinden, şol sanda şöhläniň yza serpikmeginiň öňüni alyjy materialdan peýdalanypdyrlar. Bu usullaryň diňe laboratoriýa şertlerinde däl, önümçilikde hem ýola goýlup bilinjekdigi aýdylýar. Täze tehnologiýalar bolsa, Günden energiýa alýan beketleriň arzan bolmagyna getirer.