Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy­nyň (GDA) ýol­baş­çy­la­ry 26-27-nji de­kabr ara­ly­gyn­da Sankt-Pe­ter­burg­da däp bo­lup gel­ýän ada­ty Tä­ze ýyl baý­ram­çy­ly­gy res­mi däl sam­mi­ti­ne ýyg­na­nar­lar. Krem­liň met­bu­gat gul­lu­gy ta­ra­pyn­dan ha­bar ber­li­şi ýa­ly mas­la­hat Rus­si­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Wla­di­mir Pu­ti­niň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça ge­çi­ril­ýär.
GDA-nyň Ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji ko­mi­te­ti­niň baş­ly­gy — Ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji sek­re­ta­ry Ser­geý Le­be­dew sam­mi­tiň Ar­ka­la­şyk­da hyz­mat­daş­ly­gy has-da ber­kit­jek­di­gi­ne umyt bil­dir­di.
GDA-nyň öň­ki res­mi däl sam­mi­ti Rus­si­ýa­nyň li­de­ri­niň dog­lan gü­ni 7-nji okt­ýabr­da Sankt-Pe­ter­burg­da-da ge­çi­ri­lip­di. Şon­dan soň 14-nji okt­ýabr­da As­ta­na­da GDA-nyň baş­lyk­la­ry­nyň ge­ňe­şi­niň mej­li­si ge­çi­ril­di.
Hä­zir­ki mas­la­hat­da Li­der­ler GDA-nyň çäk­le­rin­de hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­me­giň me­se­le­le­ri, ge­çip bar­ýan ýy­lyň esa­sy jem­le­ri bo­ýun­ça pi­kir al­şar­lar hem-de gat­na­şyk­la­ryň wa­jyp ugur­la­ry­ny ara alyp mas­la­hat­la­şar­lar.