26-njy de­kabr­da Ne­pa­lyň Pre­zi­den­ti Bidh­ýa De­wi Bhan­da­ri Kom­mu­nis­tik par­ti­ýa­nyň baş­ly­gy Puş­pa Ka­mal Da­ha­ly hö­kü­met baş­ly­gy we­zi­pe­si­ne bel­le­di. Bu ba­ra­da Pre­zi­den­tiň eda­ra­syn­dan al­nan mag­lu­mat­la­ra sal­gy­la­nyp, “The Hi­ma­layan Ti­mes” ne­şi­ri ha­bar ber­di.
Ne­pa­lyň Pre­zi­den­ti par­la­men­tiň We­kil­ler pa­la­ta­sy­nyň (aşa­ky pa­la­ta­sy­nyň) 275 ag­za­sy­nyň 169-sy­nyň gol­da­wy­ny alan­dan soň, Da­ha­ly hö­kü­met baş­ly­gy edip bel­le­mek ka­ra­ry­na gel­di. Ga­ze­tiň bel­le­me­gi­ne gö­rä, tä­ze Prem­ýer-mi­nist­riň ka­sam ka­bul ediş da­ba­ra­sy şu gün bo­lar.
68 ýaş­ly sy­ýa­sat­çy üçün­ji ge­zek Ne­pa­lyň hö­kü­me­ti­ne ýol­baş­çy­lyk eder. Ol bu we­zi­pä­ni 2008-nji ýyl­dan 2009-njy ýy­la çen­li we 2016-njy ýyl­dan 2017-nji ýy­la çen­li eýe­le­di.