Hin­di su­rat­ke­şi we heý­kel­ta­ra­şy Su­dar­san Patt­na­ik Odi­şa şta­ty­nyň Go­pal­pur şä­he­ri­niň go­la­ýyn­da­ky ke­nar­da Aýaz­ba­ba­nyň çä­ge­den we po­mi­dor­dan ýa­sa­lan heý­kel­le­ri­ni köp­çü­li­ge hö­dür­le­di. Heý­kel­ta­ra­şyň jem­gy­ýet­çi­lik to­run­da­ky mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, ol 15 ta­ly­by­nyň kö­me­gi bi­len ini 60 fut (18,2 metr), bo­ýy 27 fut (8,2 metr) bo­lan heý­ke­li ýa­sa­ma­gyň höt­de­sin­den ge­lip­dir.
-Po­mi­dor­dan we çä­ge­den ýa­sa­lan bu Aýaz­ba­ba dün­ýä­niň iň uly gur­na­ma­sy­dyr. Go­pal­pu­ryň ke­na­ryn­da ýa­sa­lan bu heý­kel üçin 1,5 ton­na po­mi­dor sarp edil­di. Me­niň ta­lyp­la­rym heý­ke­liň işi­ni ta­mam­la­mak üçin ta­gal­la­la­ry­ny bi­rik­dir­di­ler.
Bu heý­kel köp­ler­de gy­zyk­lan­ma dö­re­dip, ony gör­mä­ge gel­ýän­le­riň sa­ny bar­ha art­dy. 45 ýaş­ly heý­kel­ta­ra­şyň žur­na­list­le­re gür­rüň ber­şi ýa­ly özi hem-de to­pa­ry mun­dan öň hem Rož­dest­wo baý­ram­çy­ly­gyn­da dür­li ma­te­ri­al­la­ry ula­nyp, Aýaz­ba­ba­nyň uly heý­ke­li­ni dö­re­dip­dir­ler.
Patt­nai­kiň çä­ge­den ýa­sa­lan iş­le­ri bü­tin dün­ýä­de meş­hur­dyr, ola­ryň kä­bi­ri Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­by­na hem gi­ri­zil­di. Patt­na­ik köp­lenç dün­ýä­de bo­lup geç­ýän dür­li wa­ka­la­ra jo­gap hök­mün­de çä­ge heý­kel­le­ri­ni dö­red­ýär. Heý­kel­ta­raş Rus­si­ýa­da-da ta­nal­ýar – ol 2017-nji ýyl­da Ko­lo­menský mu­zeý-mül­kü­niň çä­gin­de gu­ra­lan X Mosk­wa çä­ge sun­ga­ty bo­ýun­ça çem­pio­na­ty­nyň al­tyn me­da­ly bi­len sy­lag­lan­dy.