Kanadanyň hökümeti geljek ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, iki ýylyň dowamynda daşary ýurtlulara ýaşaýyş jaý satmagyny çäklendirmek kararyna geldi. Bu çäklendirme ýurtda uzak wagt ýaşajak işçilere we talyplara degişli däl. Täze düzgüne görä, bu ýurtda bilim alýan daşary ýurtlular 500 müň dollardan gymmat bolmadyk jaý ýa-da öý alyp bilerler. Şeýle hem täze düzgüne görä, jaý satyn alyp, bir ýyl geçmezden satanlardan hem has köp salgyt aljakdygy mälim edildi. Bu düzgüniň maýa goýum maksady bilen jaý almak isleýänleri azaldyp, ilkinji gezek jaý almak isleýänlere ýeňillik döretjekdigi bellenilýär.