ABŞ-daky Niagara şarlawugynyň diwarlary güýçli aýaz sebäpli buz bilen örtüldi diýip, “New York Post” neşiriniň web saýty ýazýar.
Niagara şaglawugy golaýda sebiti gurşap alan minusdan aşakdaky temperatura sebäpli bölekleýin doňdy” diýlip, habarda aýdylýar.
Wideo ýazgylarda suw akymlarynyň üstündäki dumanlaryň neneňsi ýokary göterilýändigi görünýär, netijede, şaglawugyň gapdalyndaky syn ediş meýdançany hem buz baglapdyr.
Şaglawuk soňky gezek 2021-nji ýylyň fewralynda kem-käs doňupdy. Şonda suw akymlary wagtal-wagtal doňup gaçýan buz böleklerini emele getiripdi. Şaglawuk birnäçe ýyldan bir gezek bölekleýin doňýar. Soňky 170 ýylda suw akymy üç gezek doly doňan eken.
Niagara şaglawugy Demirgazyk Amerikanyň gündogarynda, ABŞ bilen Kanadanyň serhediniň arasyndaky Niagara derýasynda ýerleşýär. Niagara şaglawugyndan ýarym minutda 168 müň kubmetr suw akýar.