Ada döwleti bolan Ýaponiýada suwüsti Gün beketleriniň köp sanlysy bar. Indi bolsa, bu ýurtda ilkinji iri suwüsti ýel turbinalary gurlup, ulanmaga berildi. Önümçilik kuwwaty 140 megawatt bolan desga iki bölekden ybarat. Bu desganyň işe girizilmeginiň ýurduň arassa energiýa geçmegindäki esasy sepgitleriň biridigi bellenilýär. “Noshiro” we “Akita” atly iki desgada jemi 33 sany ýel turbinasy bar. Ýel turbinalaryny Angliýanyň “Seajacks International” kompaniýasy gurnapdyr. Desga Tokionyň 300 kilometr demirgazyk-günbatarynda, Akita prefekturasynda Ýapon deňzinde ýerleşýär. 150 müň maşgalany elektrik energiýasy bilen üpjün etjek desganyň önümini “Tohoku Electric Power” kompaniýasy satyn alar. Bu kompaniýanyň Tohoku sebitindäki alty prefekturada 7,6 million abonenti bar. Kompaniýa müşderilerine ygtybarly, üznüksiz elektrik energiýasyny bermek üçin täze taslamalary durmuşa geçirýär. Bu taslamalar esasan tebigy çeşmelerden energiýa öndürýän desgalardan ybarat.
Ýaponiýa 2030-njy ýyla çenli 10 GW deňiz ýel energiýasyny, 2040-njy ýyla çenli 45 GWt çenli gurmagy maksat edinýär. Häzirki wagtda Ýaponiýada elektrik energiýasynyň 25 göterimi täzelenýän çeşmelerden öndürilýär. 2030-njy ýyla çenli bu görkezijiniň 38 göterime ýetirilmegi meýilleşdirilýär. Ýurt gazylyp alynýan ýangyç taslamalarynyň döwlet tarapyndan maliýeleşdirilmegini bes etmegi meýilleşdirýär.
Kemal Hojagulyýew, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby