Braziliýanyň ady rowaýata öwrülen meşhur futbolçysy Pele 82 ýaşynyň içinde uzaga çeken agyr keselden soň aradan çykdy. Golaýda Peläniň düwnük çişi kesilip aýrylandan soň bejergi almagyny dowam etdirýärdi. Dekabr aýynyň başynda onuň ýagdaýy has-da agyrlaşyp, bedene himiýa bejergisi täsir etmänligi sebäpli lukmanlar pallatiw bejergä geçmeli bolupdylar.

Hakyky ady Edson Arantis du Nasimentu bolan Pele, XX asyryň iň gowy futbolçysy we türgeni hökmünde birnäçe gezek ykrar edildi. Ol şu wagta çenli oýunçy hökmünde üç dünýä çempionatynda ýeňiji bolan ýeke-täk oýunçydyr.

Dünýä Pele bilen hoşlaşýar

“Korol”, “Futbolyň ady rowaýata öwrülen iň beýik futbolçularynyň biri”, “Owadan oýnuň ussady” – Edson Arantis du  Nasimentunyň bütin ömründe eşiden bu atlary mundan beýläk hem hemişe dowam eder. Braziliýanyň Futbol Konfederasiýasy “Dünýä futbolynyň iň beýik ynsany” üçin ýedi günlük ýas yglan etdi.

– Tutuş futbol dünýäsine düşen agyrylary beýan etmek üçin ýönekeý hoşlaşyk hiç wagt ýeterlik bolmaz -diýip, ýazan Portugaliýanyň ýygyndysynyň kapitany Kriştianu Ronaldo Peläni millionlarça adamyň ylhamy diýip atlandyrdy.

“Onuň mirasy hiç haçan ýatdan çykarylmaz” diýip, golaýda geçen dünýä çempionatynyň iň köp pökgi geçiren oýunçysy Kylian Mbappe “twitter”-de ýazdy.

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makronyň blogynda Peläniň fransuz we portugal dillerinde ýazylan üç sözli suraty uly harplar bilen goýlupdyr: “Oýun. Korol. Ebedilik”.

Pele Braziliýanyň San-Pauladaky Albert Eýnşteýn hassahanasynda içegede dörän düwnük keseli zerarly uzaga çeken agyr keselden soň aradan çykdy. Dünýäniň üç gezek çempiony, Braziliýanyň iň gowy futbolçysy 82 ýaşyndady.

Peläniň futbol karýerasy