1940-njy ýy­lyň 23-nji okt­ýab­ryn­da Bra­zi­li­ýa­nyň Mi­nas-Že­raýs şta­ty­nyň Tres-Ko­ra­soýns şä­he­rin­de dün­ýä inen Pe­le 15 ýa­şyn­da “San­tos” klu­bun­da pro­fes­sio­nal kar­ýe­ra­sy­na baş­la­ýar. 1 ýyl­dan soň, mil­li ýy­gyn­dy­da-da oý­nap baş­lan Pe­le 17 ýa­şyn­da­ka Dün­ýä Ku­bo­gy­ny eýe­le­ýär. Do­ly ady Ed­son Aran­tis du Na­si­men­tu bo­lan Pe­le 1956-njy ýyl­dan 1974-nji ýy­la çen­li “San­tos” to­pa­ry­nyň köý­nek­çe­si­ni geý­ýär. Ol bu to­par­da äh­li ýa­ryş­la­ry ha­sa­ba ala­nyň­da, 656 oýun ge­çi­rip, şo­lar­da 643 go­ly öz ady­na ýaz­dyr­ýar. Pe­le 1975-nji ýyl­da “Nýu Ýork Kos­mos” klu­bu­nyň ha­ta­ry­na go­şul­ýar we bu ýer­de-de 3 möw­süm, ýag­ny kar­ýe­ra­sy­ny ta­mam­la­ýan­ça çy­kyş ed­ýär. Ol ame­ri­kan to­pa­ry­nyň dü­zü­min­de-de 107 oýun­da 64 ge­zek ta­pa­wut­lan­ýar.
Pe­le il­kin­ji ge­zek 16 ýa­şyn­da, 1957-nji ýy­lyň 7-nji iýu­lyn­da mil­li ýy­gyn­dy­nyň köý­nek­çe­si­ni geý­ýär. Şon­da “Ma­ra­ka­na” sta­dio­nyn­da Bra­zi­li­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy eze­li bäs­de­şi Ar­gen­ti­na­ny 2-1 ýeň­ýär. 1971-nji ýy­la çen­li-de ýy­gyn­dy­nyň esa­sy ýyl­dy­zy bol­ýar. Ol şol dö­wür­de 92 oýun­da 77 gol ge­çir­ýär. Pe­le res­mi däl ýol­daş­lyk du­şu­şyk­la­ry­ny-da ha­sa­ba ala­nyň­da mil­li ýy­gyn­dy­nyň köý­nek­çe­si bi­len 95 go­ly der­we­zä gi­riz­ýär.
Pe­le Bra­zi­li­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy bi­len 3 ge­zek Dün­ýä Ku­bo­gy­ny (1958, 1962, 1970) ga­zan­ýar. Ol bu ugur­da fut­bo­lyň iň uly ku­bo­gy­ny 3 ge­zek as­ma­na gö­te­ren ýe­ke-täk fut­bol­çy­dyr. Dün­ýä Ku­bo­gy­nyň fi­na­lyn­da çy­kyş eden iň ýaş fut­bol­çy bo­lan Pe­le bu ýa­ryş­da het-trik eden iň ýaş fut­bol­çy ady­nyň hem eýe­si­dir. Dün­ýä Ku­bo­gy ýa­ry­şyn­da 14 du­şu­şyk­da 12 gol ge­çi­ren Pe­le 10 go­la-da ýar­dam asist­lik ed­ýär. Pe­lä­niň kar­ýe­ra­syn­da yk­ly­myň çem­pi­on­ly­gy ýok bo­lup, Bra­zi­li­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy­na onuň çy­kyş eden dö­wür­le­rin­de Ko­pa Ame­ri­ka­da çem­pi­on­lyk ga­zan­mak mi­ýes­ser et­me­ýär.
Pe­lä­niň klub de­re­je­sin­de ga­za­nan­la­ry­na ser sal­sak, “San­tos” bi­len Bra­zi­li­ýa­nyň çem­pi­on­ly­gy­na 6, Li­ber­ta­do­res Ku­bo­gy­na 2, Yk­lym­la­ra­ra­sy Ku­bo­gy­na 2, Yk­lym­lar ara­sy Naý­ba­şy ku­bo­gy­na 1, Pau­lis­ta we­la­ýa­ty­nyň çem­pi­on­ly­gy­na 10, Rio-Sao Pau­lo ýa­ry­şy­nyň çem­pi­on­ly­gy­na 4 ge­zek my­na­syp bol­ýar. “Nýu Ýork Kos­mos” klu­bun­da-da Kon­fe­ren­si­ýa­nyň çem­pi­on­ly­gy­ny hem-de ozal­ky NASL-yň (hä­zir­ki MLS) çem­pi­on­lyk ku­bo­gy­ny eýe­le­ýär.
Şah­sy sy­lag­la­ry ba­ra­da-da aýt­sak, ol mil­li çem­pio­nat­da 3, Li­ber­ta­do­res Ku­bo­gyn­da 1, Yk­lym­la­ra­ra­sy Ku­bo­gy ýa­ry­şyn­da 2, Pau­lis­ta we­la­ýa­ty­nyň çem­pio­na­tyn­da 11 ge­zek iň ne­ti­je­li fut­bol­çy bol­ýar.
Bir­nä­çe re­kor­dyň hem eýe­si bo­lan Pe­le 1999-njy ýyl­da IFFHS (Hal­ka­ra fut­bol ta­ry­hy we sta­tis­ti­ka­sy fe­de­ra­si­ýa­sy) ta­ra­pyn­dan asy­ryň fut­bol­çy­sy diý­lip saý­lan­ýar. Şol ýyl FI­FA ta­ra­pyn­dan hem “fut­bol­da­ky eze­li bäs­de­şi” Die­go Ma­ra­do­na bi­len asy­ryň fut­bol­çy­sy baý­ra­gy­ny paý­laş­ýar. Pe­le öz ha­sap­la­ma­la­ry­na gö­rä, äh­li du­şu­şyk­la­ry (res­mi, res­mi däl, res­mi däl ýol­daş­lyk du­şu­şyk­la­ry­ny) ha­sa­ba ala­nyň­da, 1363 oýun­da 1279 gol ge­çi­rip, bu ugur­da Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­by­na-da ady­ny ýaz­dyr­ýar. Res­mi ha­sa­bat­la­ra se­ret­sek, Pe­le 831 oýun­da 767 gol bi­len umu­my sa­naw­da 3-nji orun­da bar­ýar. 3 ge­zek öý­le­nen Pe­lä­niň 7 ça­ga­sy bar. 1995-1998-nji ýyl­lar ara­ly­gyn­da ýur­du­nyň Sport mi­nist­ri we­zi­pe­sin­de iş­län Pe­le “Ti­me” žur­na­ly ta­ra­pyn­dan 1999-njy ýyl­da iň tä­sir­li 100 yn­san sa­na­wy­na hem alyn­ýar. He­mi­şe Ma­ra­do­na bi­len de­ňeş­di­ril­ýän Pe­le 1994-nji ýyl­da ÝU­NES­KO-nyň pa­ra­hat­çy­lyk il­çi­si saý­lan­ýar.