Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Täze ýyl baýramy mynasybetli dynç gününi geçirmek hakynda» Permana gol çekdi. Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 29-njy dekabrda geçirilen bilelikdäki mejlisinde 2022-nji ýyldaky iň soňky mejlisinde gol çekilen bu resminama laýyklykda, 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndaky dynç güni 2-nji ýanwara — duşenbe gününe geçirildi.
Bellenilişi ýaly, Permanda onuň ýerine ýetirilmegini, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edara-kärhanalaryň we guramalaryň üpjün etmelidigi bellenilýär.
Bu çözgüt Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasynyň 2-nji bölegine laýyklykda hem-de ýurdumyzyň ilatynyň Täze ýyl baýramyny dabaraly belläp geçmegi we oňat dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen kabul edildi.
Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti halkmyzyň Täze ýyl baýramyny mynasyp garşylamagy üçin tertip düzgüniň berjaý edilmegi, nobatçylygyň guralmagy, elektrik togy we beýleki hyzmatlaryň üpjün edilmegi, lukmançylyk edaralaryň hyzmat bermegini üpjün etmegi, ulag-aragatnaşyk hyzmatlarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek babatda degişli ýolbaşçylara tabşyryklar berdi.