Uel­siň mer­hum şa­za­da­sy Dia­na­nyň da­ky­nan gyr­my­zy göw­her ha­jy, “Sot­he­by’s”-yň auk­sio­ny­nyň esa­sy şaý-se­pi bo­lar. Bu be­zeg “Asp­rey & Gar­rard” be­zeg kom­pa­ni­ýa­sy­nyň öň­ki baş mü­di­ri Na­im At­tal­la­hyň ady­ny gö­ter­ýär. Bu be­zeg At­tal­la­ha de­giş­li bo­lup, gy­zy Ram­zä mi­ras ga­lyp­dyr.
-Şa­za­da Dia­na we me­niň ka­kam dost eken. Dia­na­nyň köp­lenç ka­ka­myň eda­ra­sy­nyň ýer­leş­ýän ýe­ri bo­lan Ri­jent kö­çe­sin­dä­ki ta­ry­hy Gar­rard dü­ka­ny­na ba­ryp, bir­nä­çe ge­zek be­ze­gi ha­ýyr­lan­ma­gy ha­ýyş edip­di. Ol bu be­ze­gi ju­da go­wy gör­ýär­di – di­ýip, Ram­zi gür­rüň ber­ýär.
Şa­za­da bu be­ze­gi 1987-nji ýy­lyň okt­ýabr aýyn­da “Birth­right” ha­ýyr-sa­ha­wat gu­ra­ma­sy ta­ra­pyn­dan gu­ra­lan ze­nan hu­kuk­la­ry bo­ýun­ça ge­çi­ri­len ga­la ag­şa­myn­da ula­nyp­dy.
1920-nji ýyl­lar­da Gar­rard zer­gär­le­ri ta­ra­pyn­dan dö­re­di­len göw­her ha­çyň ba­ha­sy 80-120 müň funt ster­lin­ge deň­dir. Ha­çyň göw­he­ri­niň umu­my ag­ra­my 5,25 ka­rat tö­we­re­gi­dir. Şa­za­da Dia­na ara­dan çy­kan­dan soň haç giz­lin sak­lan­dy. Auk­si­on 6-18-nji ýan­war ara­ly­gyn­da Lon­don­da ge­çi­ri­ler.