Awtoulaglara zarýad berýän ýol

105

Hä­zir­ki wagt­da köp ýurt­da ge­çi­ri­ji­siz zar­ýad be­ri­ji ul­gam­lar iş­le­nip taý­ýar­lan­ýar. Ger­ma­ni­ýa­da bol­sa, elekt­rou­lag­la­ra ýol­da bar­ýar­ka zar­ýad ber­ýän ul­ga­myň üs­tün­de iş­le­ýär­ler. Ýur­duň Ba­lin­gen şä­he­rin­de uzyn­ly­gy 1 ki­lo­met­re ýet­ýän şeý­le ýol gur­lup, onuň ug­run­da­ky jem­gy­ýet­çi­lik ulag­la­ry­nyň du­ral­ga­la­ryn­da ge­çi­ri­ji­siz zar­ýad be­ke­di bo­lar. Bu in­no­wa­tiw des­ga­la­ryň gur­lu­şy­gy “Electreon” we EnBW şe­re­ket­le­ri ta­ra­pyn­dan ama­la aşy­ry­lar.
Bu teh­no­lo­gi­ýa elekt­rou­lag­la­ra he­re­ket ed­ýän wag­ty hem, du­ran wag­ty hem zar­ýad be­rip bi­ler. Şeý­le­lik­de elekt­rou­lag­lar zar­ýad al­mak üçin eg­len­mez­den has uzak ara­ly­ga he­re­ket bi­ler­ler. Tas­la­ma­nyň ba­ha­sy­nyň 3,2 mil­li­on ýew­ro bol­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar. Zar­ýad be­ri­ji ul­gam jem­gy­ýet­çi­lik ulag­la­ry bi­len bir ha­tar­da ýe­ňil elekt­rou­lag­la­ra hem zar­ýad be­rip bi­ler. Ul­gam des­lap­ky sy­nag­lar­da oňyn ne­ti­je be­rip­dir. Bu sy­nag­lar teh­no­lo­gi­ýa­nyň iş­leý­şi­ni we howp­suz­ly­gy­ny tas­syk­lap, elekt­rik zo­la­gy­nyň ulag­la­ra zar­ýad ber­mek müm­kin­çi­li­gi­niň bar­dy­gy­ny gör­ke­zip­dir.

Ys­lam­ber­di Tyl­la­nu­row, Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk ins­ti­tu­ty­nyñ uly mu­gal­ly­my