Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän ýurdumyzyň şäherlerini, obalaryny, şäherçelerini, etraplardaky şäherleri we etrap merkezlerini ösdürmek bilen baglanyşykly toplumlaýyn işler döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. «Arkadag» adyny alan Ahal welaýatynyň täze merkezi şähergurluşyk maksatnamasynyň täze sepgitlere ýetýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.
Bu ýerde gurluşyklaryň birinji tapgyrynda jemi 336 sany desganyň, şol sanda häkimligiň edara binasynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň edara binasynyň, Baýdak sütüniniň, «Ahal» monumentiniň, Ahal atçylyk sirkiniň, Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň, Ruhyýet köşgüniň, kitaphananyň, Bagt köşgüniň, drama teatrynyň, muzeýiň, welaýat derejesindäki kärhanalaryň hem-de hukuk goraýjy edaralaryň binalarynyň, banklaryň welaýat şahamçalarynyň edara binalarynyň we beýleki möhüm desgalaryň jemlenmegi-de bu hakykaty dolulygyna tassyklaýar.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Karary esasynda, Arkadag şäheriniň bilim, saglygy goraýyş, medeniýet edaralaryna we sungat binasyna türkmen halkynyň görnükli şahsyýetleriniň atlarynyň dakylmagy halkymyzyň şatlygyny goşalandyryp, köňül buýsanjyny has-da artdyrdy. Merkezi seýilgähdäki belent sungat binasyna döwrümiziň görnükli syýasatçysy, Gahryman Arkadagymyzyň adynyň dakylyp, onuň «Arkadag Binasy» diýlip atlandyrylmagy bolsa türkmen sungatynyň taryhynda täze sahypany açdy.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, welaýatyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň — Arkadag şäheriniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen gyzyklandy hem-de şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy, degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, häzirki döwürde senagat desgalarynyň gurluşygy ýurdumyzda durmuşa geçirilýän döwlet maksatnamalarynyň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi. Ýurdumyzy senagatlaşdyrmagyň çäklerinde täze merkezde ululy-kiçili önümçilik kärhanalary, şol sanda, gaýtadan işleýän önümçilikler dörediler. Munuň özi azyk howpsuzlygyny, degişli ekologiýa ýagdaýyny üpjün etmek bilen bir hatarda, täze iş orunlarynyň döredilmegini, telekeçilik başlangyçlarynyň höweslendirilmegini üpjün eder.
Merkeziň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän desgalar toplumynyň hatarynda iki gatly ýaşaýyş jaý toplumynyň, seýilgäh zolaklarynyň, häzirki zaman kommunikasiýalar ulgamyna degişli döwrebap serişdeler zolaklarynyň, ýol hereketiniň statistiki hasabatlaryny elektron ulgam arkaly tabşyrmagyň programma üpjünçiligi bar. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyza elektron resminama dolanyşyk ulgamynyň merkezleriniň şekil taslamalary görkezildi.
Şu ýerde Gahryman Arkadagymyz özüniň täze ýazan goşgusyny okap berdi. Gahryman Arkadagymyzyň bu goşgusyndaky şahyrana sözler ýurdumyzy, ata Watanymyzy täze üstünliklere alyp barýar.
Süleýman ANNAGULYÝEW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň iňlis diliniň stilistikasy we grammatikasy kafedrasynyň mugallymy.