Täze ýyl baýramçylygy 31-nji dekabrdan 1-nji ýanwara geçilýän gije bellenilýän bolsa-da, oňa taýýarlyklar öňünden başlady. «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgeden ugur alynýan ýurdumyzda ildeşlerimiziň maşgala baýramyny göwnejaý bellemekleri üçin ähli şertler döredilýär. Arkadagly Serdarymyzyň Täze ýyl mynasybetli ýurdumyzyň bazarlarynda we söwda merkezlerinde baýramçylyk söwdalaryny guramak hem-de ilaty azyk bolçulygy bilen üpjün etmek boýunça beren tabşyryklaryndan ugur alnyp, döwrebap çäreler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda paýtagtymyz Aşgabatda we welaýat merkezlerinde, etraplarda we beýleki şäherlerde hereket edýän köpugurly söwda nokatlarynda azyk harytlarynyň, sowgatlyk önümleriň, Täze ýyl arçalarynyň ýaraşykly nusgalarynyň we olaryň dürli öwüşginli bezeg serişdeleriniň elýeterli nyrhlardaky söwdasy giňden ýola goýuldy.
Her bir maşgalada Täze ýylyň mynasyp garşylanmagy, saçaklaryň giňden ýazylyp, dürli naz-nygmatlardan doly bolmagy ugrunda türkmen telekeçileriniň, şeýle hem döwlet kärhanalarynyň alyp barýan işlerini-de bellemek gerek. Telekeçiler ilata täze önümlerini hödürlemek bilen çäklenmän, ýokary arzanlaşyklary hem yglan etdiler.
Söwda merkezleriniň ählisinde nagt däl hasaplaşyklar üçin mümkinçilikleriň döredilmegi, Täze ýyl mynasybetli arzanladyşlar, dürli bäsleşikler alyjylaryň höwesini has-da artdyrýar.
«Altyn asyr» harytşynaslyk merkezi baýramçylygyň öňüsyrasynda özboluşly sowgatlyk harytlaryň ençemesini halk köpçüligine niýetläpdir. Olaryň arasynda towşanjygyň şekili bilen bezelen owadan ýorgan-düşek daşlyklary, dürli matalar, aýakgaplar, çagalar üçin ýörite «Towşanjyklar» atly dokma oýunjaklar, şeýle hem oýnawaç torbajyklar, satuw tekjelerinde bolsa «Gala», «Ýeňiş», «Bedew», «ADT», «Bürgüt» haryt nyşanly we beýleki köp sanly içerki kärhanalaryň täze önümleri uly orun eýeläpdir.
Baýramçylyk günlerinde sungat ussatlarynyň, aýdym-saz toparlarynyň, wäşileriň çykyşlary hem halkymyza uly şatlyk eçilýär. Daşary ýurtly aýdymçylaryň baýramçylyk konsertleri guralýar. Olarda Russiýanyň we Türkiýäniň tanymal aýdymçylary çykyş edýärler.
Ýurdumyzda Russiýanyň döwlet sirkiniň artistleriniň guraýan çykyşlary hem baýramçylyk günleriniň şatlygyna şatlyk goşýar.
Ösüş-özgerişlere beslenýän Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ilkinji gezek bellenilýän Täze ýyl baýramy häzirden şatlyk-şowhuna beslenýär. Şu günlerden alnyp barylýan taýýarlyk işleri Täze ýyl arçalarynyň, şeýle-de ýanýodalardaky, seýilgählerdäki arçalaryň bezeginde, söwda nokatlarynyň tekjelerini bezeýän dürli görnüşli sowgatlarda, aýdymçylaryň taýýarlaýan şowhunly çykyşlarynda, körpejelerimiziň dillerinde sena bolan goşgularda has aýdyň görünýär.
Maksatmuhammet MELÄÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.