Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda batly gadamlar bilen öňe barýar. Biz häzirki ajaýyp zamanada erkana, asuda we şatlykly durmuşda ýaşap, her bir gazanylýan üstünlikleriň, özgerişlikleriň, ösüşiň şaýady bolýarys. Ýurdumyzyň ähli pudaklarynda gazanylýan ösüşler buýsanjyňy artdyrýar. Eziz Diýarymyz toý lybasyna bürenip, şahandaz halkymyzyň at-owazasyny äleme ýaýýar. Ähli ösüşleriň, özgerişlikleriň gözbaşynda bolsa, hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasatynyň bardygy aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň öňe süren «Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygarynyň durmuşa işjeň ornaşdyrylýandygyny her bir ädimde duýmak bolýar.
Biziň ýurdumyzda her ýyly üstünlikler bilen jemlemek, her täze ýyly uly wakalar, berk ynam, ýagşy arzuw-islegler bilen garşylamak, hakykatdan-da, adata öwrülip gidendir. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda bitirilen işler, döwletliligimiziň ýene bir ýylyny garşy alýan pursatlarymyzdaky biri-birinden ähmiýetli wakalar muny ýene bir gezek görkezýär. Şu ajaýyp günlerde Gahryman Arkadagymyzyň täze goşgusynyň döremegi we halkymyza ýetirilmegi hem aýratyn möhüm waka bolup, halkymyza Täze ýyl sowgady boldy. Döredijilik adamlary üçin bolsa bu has gymmatly sowgada öwrüldi.
Gahryman Arkadagymyz özüniň täze goşgusynda dünýämiziň asuda, parahat bolmagy ugrunda ýurdumyzda uly tagallalaryň edilýändigini, halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşap, Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda ägirt uly işleriň amala aşyrylýandygyny nygtaýar.
Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyz geçen ýyl hem Täze ýylyň öňüsyrasynda halkymyza özüniň ýene-de bir ajaýyp goşgusyny sowgat edipdi. Hormatly Arkadagymyz Täze ýylyň garşylanýan pursatlarynda ýurduň ýeten derejesini, rowaçlyklara beslenýän menzillerini wasp edip, täze goşgy döredip, ony «Jan Watanym Türkmenistan!» diýip atlandyrypdy.
Gahryman Arkadagymyzyň bu goşgusy hem özüniň şahyranalygy bilen tapawutlanyp, ata Watanymyz, mukaddes topragymyz, edermen halkymyz şahyrana setirlerde giňden wasp edilýär.
Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp eserleri durmuşymyzyň her täze sahypasyna öwüşgin çaýýar. Şeýle eserler türkmen halkynyň ösüşleriniň hem-de edermenlikleriniň mynasyp waspydyr.
Seýit SEÝIDOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.