Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh hökümete Mongol imperiýasynyň gadymy paýtagty Karakorumy dikeltmegi tabşyrdy. “Montsame” ýerli agentliginiň habaryna görä, döwlet Baştutany degişli karara gol çekdi.
Resminamada bu başlangyjyň adamlaryň sagdyn we howpsuz gurşawda ýaşamagyna, esasy hyzmatlara elýeterliligi giňeltmegine we sebitleriň deňagramly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilendigi bellenilýär. Karara laýyklykda, hökümet taryhy Karakorumyň çäginde şäher gurmak meselesini öwrenmeli, taslama taýýarlamaly we parlamente hödürlemeli hem-de bu çägi ösdürmegiň baş meýilnamasyny düzmeli.
Karakorum 1220-nji ýyldan 1267-nji ýyla çenli mongol imperiýasynyň paýtagty bolupdyr. Şäher Çingiz hanyň lagerleriniň biriniň ýerinde esaslandyrylýar. Şäher Çingiz hanyň ogly we mirasdüşeri Ugedeý tarapyndan esaslandyrylyp, gurluşyk Munke hanyň döwründe tamamlanýar.
Mongol düzlüginde gurlan Karakorum, dört derwezeli galaly şäher bolup, 1235-nji ýylda bu ýerde köşk gurlandan soň söwda we dolandyryş merkezi, şeýle hem şa diwany bolup hyzmat edýar. Şäher 1388-nji ýylda şäher Ming neberesiniň goşunlary tarapyndan doly weýran edilýär. Häzirki wagtda şäheriň ýerleşýän ýerinde Karakorumyň taryhy muzeýi ýerleşýär we şäheri gurşap alan Orhon derýasynyň jülgesiniň medeni landşafty ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilendir.