Koreýaly alymlar kiçijik plastmassa bölejiklerini we beýleki hapalaýjy maddalary süzýän täze suw arassalaýyş ulgamyny döretdiler. Bu açyşda alymlar täze tehnologiýa ulandylar. Bu çig malyň ýerüsti meýdanynyň gözenekliligi örän ýokary. Ylmy barlag topary “molekulalary saklamak üçin ýeterlik ýer bar” diýip ýazýarlar. Şeýle çig mallar senagatda hapa suwdan organiki boýaglary aýyrmakda täsirlidir. Alymlar suwy has gowy süzmek üçin molekulalary üýtgetdiler we onuň ýeňil okislenmegini ýola goýdular. Alnan süzgüç gaty täsirli bolup, mikroplastikany we hapalaýjylaryň 99,9%-den gowragyny 10 sekundyň dowamynda aýyrdy. Şeýle hem bu tehnologiýanyň öndürijiligi peselmezden köp gezek ulanylyp bilner. Mundan başga-da, alymlar polimeriň Gün şöhlesini özüne çekýän, energiýany ýylylyga öwürýän we üýtgäp durýan organiki birleşmelerden (VOC) suwy arassalamak üçin ulanýan görnüşini döretdiler. Bu, diňe Gün şöhlelerini ulanyp, organiki birleşmeleriň 98%-den gowragyny aýyrmaga mümkinçilik berdi. Membranalaryň iki görnüşini birleşdirýän nusga, iki görnüşli hapalaýjynyň 99,9%-den gowragyny aýyrdy.
Begenç MERETKLYÇEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy
PDF









