Al­ba­ni­ýa­nyň il­kin­ji eme­li hem­ra­la­ry ABŞ-nyň Flo­ri­da şta­tyn­da­ky kos­mod­rom­dan kos­mo­sa uçu­ryl­dy. Ýur­duň hö­kü­met baş­ly­gy Edi Ra­ma jem­gy­ýet­çi­lik to­run­da­ky ak­ka­un­dyn­dan bu ba­ra­da ha­bar be­rip, de­giş­li su­ra­ty hem paý­laş­dy. Ra­ma ak­kun­dyn­da – Bi­ziň “Al­ba­nia-1” we “Al­ba­nia-2” at­ly eme­li hem­ra­la­ry­my­zy gö­ter­ýän “Space X Trans­por­ter 6” mis­si­ýa­sy “Falcon 9” ra­ke­ta­sy bi­len Flo­ri­da­da­ky Keýp Ka­na­we­ral­dan uçu­ryl­dy – di­ýip bel­le­di.
Ge­çen ýy­lyň sent­ýab­ryn­da Al­ba­ni­ýa­nyň Mil­li ra­ýat go­ra­nyş agent­li­gi bi­len “Sa­tel­lo­gic USA Inc” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ara­syn­da ba­ha­sy 6 mil­li­on dol­lar bo­lan şert­na­ma gol çe­ki­lip­di. Şert­na­ma­da ýur­duň çä­gi­ne kos­mos­dan syn edil­me­gi üçin teh­ni­ki we pro­fes­sio­nal müm­kin­çi­li­giň iş­le­nip taý­ýar­lan­ma­gy, ge­og­ra­fik mag­lu­mat ul­ga­my­nyň iş­len­me­gi ýa­ly ugur­la­ry öz içi­ne al­ýan “Al­ba­nia-1” hem-de “Al­ba­nia-2” diý­lip at­lan­dy­ryl­jak iki eme­li hem­ra­nyň 3 ýyl­ly­gy­na ula­nyl­ma­gy göz öňün­de tu­tul­ýar.