-Dünýä ykdysadyýetiniň üçden bir bölegi şu ýylyň dowamynda resessiýa, ýagny, haýal ösüşi başdan geçirer – diýip, Halkara Pul Gaznasynyň dolandyryjy direktory Kristalina Georgiýewa çaklaýar. HPG-niň başlygy şu ýyl dünýä ykdysadyýetiniň 2022-nji ýyldaky ýagdaýa garanyňda, ýeňil bolmajakdygyny belledi.
-Çünki ABŞ-nyň, Ýewropa Bileleşiginiň we Hytaýyň ykdysady ösüşi öňkä görä, haýallaýar, şonuň üçin biz dünýä ykdysadyýetiniň üçden bir böleginiň resessiýa duçar bolmagyna garaşýarys – diýip, Kristalina Georgiýewa CBS teleýaýlymyna beren interwýusynda nygtady.
-Hytaýyň ykdysadyýeti öz ösüşiniň onýyllyklarynda ilkinji gezek şu ýyl ählumumy ösüşe deň ýa-da ondan pes derejede bolar. Pandemiýadan öň Hytaý ykdysadyýeti dünýäniň köp bölegini üpjün edýärdi. Mundan beýläk beýle ýagdaý bolmaz – diýip, Georgiýewa belledi.
HPG-niň dolandyryjy direktorynyň pikiriçe, Hytaý ýuwaş-ýuwaşdan ýokary ykdysady ösüş gazanar, bu ýyly pes başlasa hem, iň oňat görkezijiler bilen tamamlar.
Halkara Pul Gaznasy täze başlanan ýylda 2022-nji ýylyň jemleri boýunça 3,2 göterim bolanlygynyň ýerine 2,7 göterim ösüş gazanyljakdygyny çaklaýar.