Gahryman Arkadagymyzyň peder ýolyny dowam edýän Arkadagly Serdarymyzyň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek ugrundaky tagallalarynyň netijesinde Eziz Diýarymyzyň tebigaty has-da gözelleşýär. Bag ekmek, ýetişdirilýän agaç nahallaryna idegler etmek, daşky gurşawy gorap saklamak, tebigy baýlyklarymyzy aýawly garamak ýaly düşünjeler güneşli ýurdumyza bolan çäksiz söýgi bilen utgaşýar. Berkarar döwletiň täze eýýäminiň Galkynyşy döwrinde tebigaty goramak, onuň biologik köpdürlüligini aýap saklamak, tebigy baýlyklarymyzdan netijeli peýdalanmak jemgyýetçilik we döwlet edaralarynyň esasy üns merkezinde saklanýar. Ösdürilip ýetişdirilýän agaçlaryň diňe bir owadanlyk üçin däl-de, eýsem ynsan saglygyna hem täsiri örän uludyr. Howany dürli tozandan we zyýanly gazlardan arassalaýan ösümlikler şäher ýerlerinde awtoulaglaryň çykarýan sesini hem özüne “siňdirip” galmagalyň öňüni alýar. Şeýlelikde, has asuda we arassa gurşawyň emele gelmegine ýardam edýär. Bu bolsa, adam saglygy üçin örän ähmiýetlidir.

Suratda: Türkmenistanyň Tebigaty Goramak jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň hünärmenleri agaçlaryň ynsan saglygyna edýän täsiri, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmekdäki tutýan orny dogrusynda söhbet edýärler.

Sahra Saýdaliýewa, Türkmenistanyň Tebigaty Goramak jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň hünärmeni.