Dil öwrenmegiň ähmiýeti

152

Hä­zir­ki wagt­da is­le te­le­ke­çi bol­sun, is­le-de mu­gal­lym köp adam iň­lis di­li­ni bil­se kem gö­re­nok. Köp ha­lat­da mu­ňa ha­ky­kat­dan hem ze­rur­lyk du­ýul­ýar. Kä­bir adam bol­sa, has köp dil öw­ren­me­giň ala­dy­ny ed­ýär­ler. Bir­nä­çe dil­de sa­lam­laş­ma­gy, sa­na­ma­gy, gün­de­lik dur­muş­da ge­rek bo­laý­jak zat­la­ry öw­ren­ýär­ler. Hä­zir­ki za­man dün­ýä­sin­de da­şa­ry ýurt dil­le­ri­niň ara­syn­da iň­lis di­li has ge­rek­li bo­lup, bu di­li bil­mez­den köp ugur­da üs­tün­lik ga­zan­mak, da­şa­ry ýurt­la­ra ge­ze­lenç et­mek, hal­ka­ra okuw sy­nag­la­ry­ny tab­şyr­mak, üs­te­si­ne on­dan go­wy ne­ti­je al­mak, da­şa­ry ýurt­ly hyz­mat­daş­lar bi­len gep­le­şik ge­çir­mek müm­kin däl di­ýen ýa­ly. Is­len­dik iş­de bol­şy ýa­ly, dil öw­re­ni­len­de hem mak­sa­dy­ňy­zy dog­ry kes­git­län bol­sa­ňyz şol iş si­ze kyn düş­mez. Dil bil­mek di­ňe ýo­kar­da ag­za­lan­lar üçin däl, eý­sem, da­şa­ry ýurt film­le­ri­ne we se­ri­ýal­la­ry­na to­ma­şa edi­len­de, ki­tap okan­da, aý­dym diň­län­de hem ma­ny­sy­na dü­şün­mek üçin ze­rur­dyr.
Ýe­ri ge­len­de bel­le­sek, dün­ýä­de yl­my mag­lu­mat­la­ryň ag­ram­ly bö­le­gi iň­lis di­lin­de el­ýe­ter­li­dir. Bi­ler­men­ler çet ýurt di­li­ni öw­ren­mek­de di­ňe mek­dep­de ýa-da beý­le­ki okuw­lar­da ge­çil­ýän ada­ty ders­ler­den baş­ga-da öz­baş­dak hem öw­ren­me­gi mas­la­hat ber­ýär­ler. Mu­nuň üçin gy­zyk­lan­ýan te­ma­la­ry­ňyz­da, öz bi­lim de­re­jä­ňi­ze gö­rä mult­film­le­re ýa-da ki­no­la­ra to­ma­şa et­mek, aý­dym diň­le­mek, ki­tap oka­mak hem peý­da­ly­dyr. Okuw­da öw­re­nen söz­le­riň bi­len okan he­ka­ýa­ňa dü­şün­me­giň aý­ra­tyn lez­ze­ti bar. Bu ýag­daý film­le­re to­ma­şa edi­len­de ýa-da aý­dym diň­le­nen­de hem şeý­le. Öw­re­nen za­dyň ne­ti­je­si­ni gör­mek bol­sa, şol di­li öw­ren­mä­ge bo­lan hö­we­si has-da art­dy­rar.

Ogul­jen­net Kem­jä­ýe­wa, Döw­let­mäm­met Aza­dy adyn­da­ky Türk­men mil­li dün­ýä dil­le­ri ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by