Halkymyz Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny belent joşgun, uly ruhubelentlik bilen garşylady. Täze ýylyň başynda «Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary astynda geçen 2022-nji ýylda ýetilen sepgitler hakynda buýsanyp söhbet edýäris. Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 2022-nji ýylyň 29-njy dekabrynda geçirilen bilelikdäki mejlisinde Arkadagly Serdarymyz 2022-nji ýyla baha bermek bilen: «Bu ýyl «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýyly hökmünde berkarar döwletimiziň taryhynda hem hemişelik galar. Geçip barýan ýylda ýurdumyzyň alyp barýan daşary we içeri syýasatynda köp işler amala aşyryldy» diýip nygtady. 2022-nji ýylyň Garaşsyz Türkmenistanyň täze taryhy eýýamynyň şanly sene ýazgysynyň üstüni ýetiren esasy wakalarynyň biri hökmünde Köpetdagyň eteginde gurulýan Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezini görkezmek bolar. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Karary bilen bu edara ediş merkeziniň «Ahal welaýatynyň Arkadag şäheri» diýlip atlandyrylmagy halkymyzyň isleg-arzuwlaryny hasyl etdi. Arkadag şäheri döwrebap, innowasion we sanly desgalar toplumy bolup, ilatyň has amatly, rahat, howpsuz durmuşyny üpjün etmekde iň ýokary hil ülňülerine laýyk gelýän şertleri döretmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädimdir. Bu beýik işler Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesini hormatly Prezidentimiziň iş ýüzünde üstünlikli durmuşa geçirýändiginiň aýdyň mysalydyr.
Merkeziň çäginde ýaýbaňlandyrylan giň möçberli gurluşyk işlerinde milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesi utgaşdyrylýar. Döwlet Baştutanymyz merkeziň çägindäki ýaşyl zolaklaryň ilatly ýeriň ekologiýa ýagdaýynyň gowulandyrylmagyna ýardam bermelidigine, olarda medeniýetli dynç almak hem-de wagtyňy gyzykly, peýdaly geçirmek üçin zerur şertleriň döredilmelidigine ünsi çekdi. Täze şäheriň çäklerinde häzirki zaman sanly ulgamy esasynda lukmançylyk, bank, söwda edaralarynyň işlemegi üçin şertler dörediler, awtobuslaryň gatnawlary düzgünleşdiriler, taksi hyzmatlary hödürleniler. Merkezde häzirki zaman internet ulgamynyň serişdeleri hereket eder we dürli ugurlar boýunça degişli portallaryň işleri ýola goýlar. Munuň özi döwrebap aragatnaşyk ulgamynyň kämil derejesiniň hemmeler üçin elýeterli bolmagyny şertlendirer.
Täze şäheriň çäginde elektrobuslaryň we elektromobil taksileriň işini ýola goýmak meýilleşdirilýär. Şunda bu ulgamlaryň sazlaşykly hereketini üpjün etmek maksady bilen, hereket sazlaýjy yşyklaryň, awtoduralgalaryň işine sanly ulgam ornaşdyrylar. Munuň özi sazlaşykly hereketi hem-de şäher ilaty we onuň myhmanlary üçin ýokary derejeli hyzmatlaryň elýeterli bolmagyny üpjün eder. Şunda merkeziň çäginde «akylly» şäher konsepsiýasyndan ugur alynýar. Bu konsepsiýanyň esasy ugry bolsa bina edilýän desgalaryň gurluşygynda ekologiýa taýdan arassa serişdeleriň ulanylmagyndan we ýokary ekologiýa derejäni üpjün etmekden ybaratdyr. Merkeziň çäklerinde ýerine ýetirilýän ähli işlerde şu ýörelgeleriň üpjün edilmegi esasy talap bolup durýar. Bina ediljek desgalarda dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň enjamlarynyň we häzirki zaman sanly ulgamynyň ornaşdyrylmagy bilen baglanyşykly meseleler içgin öwrenilýär hem-de olaryň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär.
Ekologiýa abadançylygy ilatyň saglygyna täsir edýän möhüm ýagdaýdyr. Daşky gurşawyň arassa bolmagy ýaşaýyş ýerleriniň saglyga oňaýly täsirini şertlendirýär. Şu babatda Arkadag şäheri hem sebitde arassa şäherleriň biri bolar. Sergin howaly Köpetdagyň eteginde ýerleşmegi hem-de daş-töwereginiň ekerançylyk ýerleri, bag-bakjalyklar bilen gurşalmagy, şäheriň gurluşygynda ekologiýa taýdan arassa ýerli önümleriň peýdalanylmagy täze şäheriň ekolukmançylyk mümkinçiliklerini ep-esli derejede giňeldýär. Gahryman Arkadagymyzyň jemgyýetçilik başlangyçlary, gymmatly maslahatlarydyr möhüm tabşyryklary netijesinde täze, döwrebap Arkadag şäheri bagy-bossanlyga bürenýär. Şäheriň gurluşygynyň birinji tapgyrynyň meýilnamasyna laýyklykda, 288 gektara golaý meýdanda bag nahallaryny ekmek göz öňünde tutulýar. Bu bolsa ýaşyl zolaklaryň çäginiň ýeterlik derejededigini görkezýär. Ýurdumyzda geçirilen ählihalk agaç ekmek dabarasynyň çäginde hormatly Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde 5 müň düýpden gowrak bag nahalynyň ekilmegi hem aýdanlarymyzyň aýdyň güwäsidir. Şähergurluşyk maksatnamalarynda, taslamalarynda alnyp barylýan şeýle depginli işler, gazanylýan üstünlikler, halkymyz üçin döredilýän oňaýly şertler, ilkinji nobatda, Arkadagly Serdarymyzyň «Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen belent şygarynyň dabaralanmasy bolup, barha uly rowaçlyklara eýe bolýar.
Ekologiýa howpsuzlygyň talaplaryna laýyklykda guralýan bu döwrebap şäheriň golaýynda açyk asmanyň astynda «Organiki bakjalyk we onuň ekologiýa goşýan goşandy» atly okuw sapagy geçirildi. Oňa oba hojalyk pudagynyň 500-den gowrak hünärmeni, şeýle hem Bütindünýä rekordlary guramak boýunça geňeşçi gatnaşdy. Bu ýerde ählihalk bag ekişliginiň güýzki möwsüminiň çäklerinde Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda bag ekmek çäresi ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi.
Dünýäniň elektrobuslary, elektromobilleri we olara degişli enjamlary öndürýän kompaniýalarynyň täjirçilik teklipleri, bu ulaglaryň tehniki häsiýetnamalary hem-de olaryň deslapky zerur sany öwrenildi we häzirki wagtda olary satyn almak, ýurdumyza getirmek boýunça işler alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, ähli amatlyklary bolan döwrebap awtotoplumy hem-de elektrik tok beriji beketleri gurmak göz öňünde tutulýar. Jemgyýetçilik ulaglarynda ornaşdyrylan enjamlar arkaly ýolagçylardan buýurmalar we tölegler sanly ulgamyň üsti bilen kabul ediler. Şeýle hem ulaglaryň ýol hatlary sanly ulgam arkaly ulanylar, olaryň hereketlerine sanly ulgam arkaly gözegçilik ediler. Mundan başga-da, ulanyljak elektrobuslarda ornaşdyrylan enjamyň mümkinçiliklerini peýdalanyp, şol ulaglaryň ugurlarynyň ýol çyzgylary, ugurlarynyň ady we belgisi, olaryň duralga gelmeli wagty baradaky maglumatlary öz içine alýan ýörite ykjam mobil programma üpjünçiligini döretmek meýilleşdirilýär.
Mälim bolşy ýaly, 2022-nji ýylyň 24-nji dekabrynda Gahryman Arkadagymyz Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, welaýatyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň – Arkadag şäheriniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen gyzyklandy hem-de şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy, degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalaryň gurluşygyna başlamaga ak pata berip, bu işde häzirki zamanyň ösen dünýä tejribesiniň ulanylmalydygyny belledi, desgalaryň gurluşygynda täzeçil tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň işjeň ulanylmalydygyna ünsi çekdi, şeýle hem gurluşyk işlerinde merkeziň ekologiýa ýagdaýyna möhüm ähmiýet berilmelidigini aýtdy. Şunda binalaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagy bilen baglanyşykly meselelere aýratyn üns berler. Merkeziň çäklerinde işler alnyp barlanda, «akylly» şäher konsepsiýasynyň düzgünlerinden ugur alnar, gurluşyk işlerinde ekologiýa taýdan arassa serişdeleriň ulanylmagy hem-de daşky gurşawyň abadançylygynyň üpjün edilmegi onuň esasy ugurlarynyň biridir. Merkeziň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän desgalar toplumynyň hatarynda iki gatly ýaşaýyş jaý toplumynyň, seýilgäh zolaklarynyň, häzirki zaman kommunikasiýalar ulgamyna degişli döwrebap serişdeler zolaklarynyň, ýol hereketiniň statistiki hasabatlaryny elektron ulgam arkaly tabşyrmagyň programma üpjünçiligi bar.
Gurulýan binalaryň gurluşygynda sanly ulgamlary ornaşdyrmak işlerine hem-de daş-töweregini abadanlaşdyrmak we suw çüwdürimlerini gurmak işlerine aýratyn üns berilmegi netijesinde Ahal welaýatynyň Arkadag şäheri ekologiýa taýdan arassa hem-de «akylly» şäher bolar. Täze edara ediş merkeziniň açylyp ulanmaga berilmegi bolsa ýurdumyzyň durmuşynda taryhy waka öwrüler.
Orazly Çaryýew,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň «Sanly elektronika we elektrotehnika» kafedrasynyň müdiri.