Türkmenistan halkara gatnaşyklarynda Bitaraplyk we «Açyk gapylar» syýasatyna daýanýan, daşary syýasat strategiýasynyň esasyny düzýän binýatlyk ýörelgelerden ugur alýar. Bu ýörelgeler ýurdumyzyň uzak möhletli milli bähbitlerini goramakdan, döwletimiziň dünýä bileleşigine has ysnyşykly goşulmagyny üpjün etmekden, ählumumy derejede ähmiýetli meseleleriň çözülmegine ýardam bermekden hem-de durnuklylygy we howpsuzlygy gorap saklamaga goşant goşmakdan ybaratdyr.
Ýurdumyzyň daşary syýasaty iki ugurda, ýagny ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklar hem-de halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk görnüşinde alnyp barylýar. Şundan ugur alyp, dünýäniň dürli ýurtlary bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmekde degişli işler geçirilýär.
Hytaý Halk Respublikasy Türkmenistanyň ygtybarly we strategik hyzmatdaşlarynyň biri bolup, ikitaraplaýyn gatnaşyklar Garaşsyzlyk ýyllarynda anyk taslamalaryň durmuşa geçirilmegi netijesinde, belent sepgitlere çykdy. Şunuň bilen baglylykda, HHR bilen köptaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek we giňeltmek boýunça degişli çäreler alnyp barylýar.
2022-nji ýylda Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bellenildi. Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky gatnaşyklaryň köpýyllyk taryhy bar. Şol döwürleriň dowamynda iki halkyň arasynda birek-birege düşünmek, medeniýetleriň, däp-dessurlaryň we dünýägaraýyşlaryň özara alyşmasy ýaly peýdaly ösüşler bolup geçdi. Birwagtlar ýurtlarymyzy birleşdiren Beýik Ýüpek ýoly diňe bir özara bähbitli söwda alyş-çalşygy däl-de, eýsem, giň siwilizasion gatnaşyklar üçin hem köpri boldy.
Hytaý ýurdumyzyň iri söwda hyzmatdaşy bolup, nebitgaz ulgamy hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biridir. Bu ulgamda eýýäm birnäçe iri taslama amala aşyryldy. 2009-njy ýylyň ahyrynda Türkmenistan – Hytaý strategik gaz geçirijisiniň ulanmaga berildi. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi deňhukuklylyga, özara artykmaçlyklara düşünmäge, gaz geçirijiniň işe başlamagy bilen açylan geljegi we mümkinçilikleri giňden görmäge esaslanan hakyky hyzmatdaşlygyň nyşany boldy. Häzirki wagtda bu gaz geçiriji HHR-e türkmen «mawy ýangyjynyň» uzak möhletleýin esasda iberilmegini üpjün edýär.
Türkmenistanda dürli ulgamlarda ýurdumyzyň hünärmenleri bilen bilelikde HHR-iň iri kompaniýalary işleýärler. Hytaý işewürleri Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda pagta, ýod, brom, nebit önümlerini we beýleki harytlary satyn alýarlar. Ulag, logistika, aragatnaşyk, sanly tehnologiýa ulgamlarynda hem gatnaşyklar giňeldilýär. Şeýle-de ýurdumyz söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmegi, hususan-da, ylym, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş, sport, syýahatçylyk ugurly hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýär. Söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemäge hem-de has ýakyndan hyzmatdaşlyk üçin amatly şertleri döretmäge gönükdirilen Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý komitetiniň işi ikitaraplaýyn özara gatnaşyklary işjeňleşdirmäge ýardam berýär.
Türkmenistan Hytaý bilen diňe bir ikitaraplaýyn esasda däl, köptaraplaýyn esasda – iri halkara guramalaryň hem-de abraýly sebit düzümleriniň ugry boýunça, «Merkezi Aziýa – Hytaý» görnüşinde hem üstünlikli hyzmatdaşlyk edýär. Bu ýurtlaryň halklaryny türkmen halky bilen köpasyrlyk dostluk gatnaşyklary, medeni we ruhy däpleriň umumylygy birleşdirýär.
Türkmenistan we Hytaý abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde ählumumy howpsuzlygy, durnuklylygy we üznüksiz ösüşi üpjün etmek boýunça hyzmatdaşlyk etmek ýörelgesine ygrarlydyr. Hytaý Halk Respublikasy milli Liderimiziň öňe sürýän halkara başlangyçlaryny goldaýar, ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk derejesine esaslanyp, daşary syýasat boýunça ýöredýän ugruna hormat bilen garaýar.
Türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň strategik ugry hasaplanýan ylym-bilim we medeni ulgamlarda ikitaraplaýyn oňyn gatnaşyklar netijeli alnyp barylýar.
Bägül ATAÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.