Halkymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň şöhratly işlerini dowamata atarjak Täze – 2023-nji ýyly şatlyk we dabara bilen garşylady. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýyly halkymyzyň durmuşyny gülletmäge gönükdirilen, umumadamzat bähbidini nazarlaýan tutumlara, täze-täze başlangyçlara beslendi. Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda geçen ilkinji ýylymyz türkmen halkynyň taryhyna täze döwrüň başlangyjy hökmünde girdi.
Bu ýyl «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022–2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022–2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» kabul edildi. Şeýlelikde, halkymyzyň maksatly menzilleriniň her bir ädimi aýdyň boldy. Bu Maksatnamalarda ykdysadyýetimiziň we jemgyýetçilik durmuşymyzyň ähli ugurlarynyň geljekki ösüşli menzillerinde amala aşyrylmaly işler kesgitlenildi.
Hormatly Prezidentimiz ösüşli menzillerimizde ýaşlaryň ornuna uly ähmiýet berýär. Hut şonuň üçin hem 2022-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda geçirilen Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII Gurultaýynda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi uly mana eýedir. Bu Kanun ýurdumyzda alnyp barylýan ýaşlar syýasatynyň hukuk binýadyny has-da pugtalandyrdy. Şeýle hem ýaşlaryň Watanymyzyň ösüşlerine goşant goşmak mümkinçiliklerini giňeltmäge ýardam berýär.
Hormatly Prezidentimiziň ýylyň dowamynda dünýäniň ýokary derejede ösen döwletleriniň Liderleri bilen geçiren möhüm duşuşyklary, ýurdumyzda geçirilen iri sammitler, halkara maslahatlar ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da belende galdyrdy.
Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Türkiýe Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň birinji üçtaraplaýyn sammiti dünýä halklarynyň ykdysadyýetinde ösüş döretjek gatnaşyklaryň başlangyjy hökmünde taryha girdi. Ýurdumyzyň daşary söwdada eýeleýän ornunyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen işler «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyzda gerimini has-da giňeltdi. Ýurdumyzyň 2022–2028-nji ýyllar döwri üçin BMG-niň Halkara söwda hukugy boýunça komissiýasynyň agzalygyna saýlanylmagy, Bütindünýä Söwda Guramasyna «goşulýan ýurduň» derejesini almagy geljekde bu ugurda netijeli işleriň gerimini has-da giňeltmäge ýardam eder. Ýurdumyzyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 97-nji plenar mejlisinde «Merkezi Aziýa – parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi halkara derejesinde Türkmenistanyň ähli babatda ynamly hyzmatdaş hökmündäki ornunyň barha berkeýändiginiň nobatdaky ykrarnamasy boldy. TÜRKSOÝ tarapyndan 2024-nji ýylyň guramanyň çäklerinde «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly», gadymy Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi hem ýurdumyzyň medeniýetine goýulýan belent sarpadan nyşandyr.
2022-nji ýylda «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022–2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» we «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny», «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022–2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny» tassyklamak hakynda Kararlara gol çekilmegi ýurdumyzy geljek 7 ýylda täze ösüşlere çykarmak ugrunda edilýän tagallalaryň aýdyň subutnamasydyr.
Ahal welaýatynyň ýaşaýjylarynyň we ýurdumyzyň raýatlarynyň isleg-arzuwlaryny hem-de jemgyýetçilik birleşikleriniň tekliplerini göz öňünde tutup, degişli kanunçylyga laýyklykda, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň 20-nji dekabrda kabul eden karary bilen, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezine şäher derejesi berlip, «Ahal welaýatynyň Arkadag şäheri» diýlip atlandyrylmagy hem 2022-nji ýylyň möhüm wakalarynyň biri boldy.
Mähri GOŞJANOWA,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň
talyby.