Bü­tin hal­ky­myz 2023-nji ýy­ly ag­zy­bir­lik­de we je­bis­lik­de gar­şy­la­dy. Türk­me­nis­tan döw­le­ti­miz Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rü­niň ýe­ne bir ýy­ly­na ga­dam bas­dy. «Arkadag Serdarly bag­ty­ýar ýaş­lar ýy­ly» diý­lip yg­lan edi­len tä­ze ýyl, ne­sip bol­sa, uly üs­tün­lik­le­ri, ro­waç­ly men­zil­le­ri ar­ka­ly eziz Wa­ta­ny­my­zyň ta­ry­hy­na al­tyn harp­lar bi­len ýa­zy­lar.
Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň Mej­li­si 2023-nji ýy­ly «Ar­ka­dag Ser­dar­ly bag­ty­ýar ýaş­lar ýy­ly» di­ýip yg­lan et­mek ha­kyn­da Ka­rar ka­bul et­di.

Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, her ýy­ly döw­re­bap at­lan­dyr­mak ba­ra­da­ky asyl­ly dä­be eýe­rip, ýur­du­my­zyň mi­nistr­lik­le­rin­de, pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ryn­da, iri jem­gy­ýet­çi­lik bir­le­şik­le­rin­de ge­çi­ri­len mas­la­hat­lar­da 2023-nji ýy­ly «Ar­ka­dag Ser­dar­ly bag­ty­ýar ýaş­lar ýy­ly» di­ýip at­lan­dyr­mak ha­kyn­da köp san­ly tek­lip öňe sü­rül­di. Bu tek­lip­ler äh­li halk ta­ra­pyn­dan giň­den gol­da­nyl­dy.
Wa­ta­ny­my­zyň gül­läp ös­me­gin­de ýaş­lar uly güýç bo­lup dur­ýar. Ýur­du­myz­da ýaş­lar üçin äh­li şert­ler dö­re­di­lip, ola­ra jo­gap­kär­li we­zi­pe­ler yna­nyl­ýar. Şo­nuň üçi­nem Tä­ze ýy­lyň şy­ga­ry­nyň bag­ty­ýar ýaş­la­ry­my­zyň ady bi­len bag­ly bol­ma­gy döw­rüň öňe çy­ka­ran der­wa­ýys­ly­gy­dyr. Çün­ki buý­sa­nyp aý­dy­şy­myz ýa­ly, ýaş­lar bi­ziň şu gü­nü­miz, gel­je­gi­miz­dir.
Dog­ru­dan-da, Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­myz hem­mä­mi­ze, ylaý­ta-da, ýaş nes­le gö­rel­de bol­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ama­la aşyr­ýan be­ýik iş­le­ri di­ňe bir ýur­du­my­zyň çä­gin­de däl, dün­ýä de­re­je­sin­de-de nus­ga­lyk bo­lup dur­ýar.
Mäh­ri­ban Wa­ta­ny­my­zyň äh­li ugur­lar­da ga­zan­ýan üs­tün­lik­le­ri­ni art­dyr­mak­da, aý­ra­tyn-da, bi­lim ul­ga­my­ny kä­mil­leş­dir­mä­ge we ýaş nes­li my­na­syp ter­bi­ýe­läp ýe­tiş­dir­mä­ge de­giş­li örän wa­jyp we­zi­pe­ler öň­de go­ýul­ýar. Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz şu ýy­lyň 14-nji iýu­nyn­da Mas­la­hat­lar mer­ke­zin­de ýaş­la­ryň gat­naş­ma­gyn­da ge­çi­ren mas­la­ha­tyn­da­ky çy­ky­şyn­da: «Gel­jek­ki ne­sil ha­kyn­da ala­da – mu­nuň özi er­tir­ki gü­ne iň bir yg­ty­bar­ly, akyl­ly-baş­ly ma­ýa go­ýu­my­dyr, bi­lim ul­ga­my, il­kin­ji no­bat­da, ýaş­lar sy­ýa­sa­ty­dyr, er­tir­ki gü­nüň ala­da­sy­dyr» di­ýip, aý­ra­tyn nyg­ta­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, ýur­du­my­zyň röw­şen gel­je­gi bo­lan ýaş­la­ra uly ynam bil­di­ril­ýän­di­gi­niň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr.
Döw­let ta­ra­pyn­dan ýaş­la­ryň dün­ýä­niň ab­raý­ly we öň­de­ba­ry­jy ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­de bi­lim al­mak­la­ry üçin ze­rur müm­kin­çi­lik­le­riň dö­re­dil­me­gi hä­zir­ki döw­rüň mö­hüm ta­la­by bo­lup dur­ýar. Ýur­du­my­zyň ze­hin­li ýaş­la­ry­ny, mi­nistr­lik­le­riň we pu­dak­la­ýyn eda­ra­la­ryň bu­ýur­ma­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň mö­hüm ugur­la­ry bo­ýun­ça da­şa­ry ýurt döw­let­le­ri­niň ab­raý­ly ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­ne oku­wa iber­mek işi ýo­la go­ýul­dy. Şeý­le hem bir­nä­çe ýylyň do­wa­myn­da hö­kü­me­ta­ra yla­la­şyk­lar we de­giş­li mak­sat­na­ma­lar esa­syn­da, Weng­ri­ýa, Ru­my­ni­ýa, Hy­taý we beý­le­ki döw­let­ler­de türk­men ýaş­la­ry­nyň dür­li ugur­lar bo­ýun­ça bi­lim al­mak­la­ryna giň müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär.
Hä­zir­ki wagtda ýaş­la­ry ha­ky­ky wa­tan­çy­lyk, yn­san­per­wer­lik, ýo­ka­ry ah­lak­ly­lyk, Wa­ta­na we şöh­rat­ly ta­ry­hy­my­za, hal­ky­my­zyň me­de­ni­ýe­ti­ne, däp-des­sur­la­ry­na, maş­ga­la gym­mat­lyk­la­ry­na hor­mat goý­mak ru­hun­da ter­bi­ýe­le­mek, ylym-bi­li­me hö­we­si­ni art­dyr­mak Arkadagly Serdarymyzyň dur­mu­şa ge­çir­ýän ýaş­lar ba­ra­da­ky döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy ug­ry bo­lup dur­ýar. Şu mak­sat bi­len ýaş­la­ryň döw­re­bap bi­lim al­ma­gy, ze­hi­ni­ni ös­dür­me­gi, hü­när taý­dan kä­mil­leş­me­gi, eziz Wa­ta­ny­my­za we­pa­ly şah­sy­ýet­ler bo­lup ýe­tiş­me­gi üçin äh­li şert­ler dö­re­dil­ýär. Hal­ky­my­zyň ga­dym­dan gel­ýän des­sur­la­ry­nyň bi­ri bo­lan ha­ly­pa-şä­girt­lik ýö­rel­ge­si my­na­syp do­wam et­di­ril­ýär.
Ýaş­la­ry­my­zyň bu asyl­ly mak­sa­dy­na ýet­mek­le­ri­ne ýar­dam et­mek­de Gahryman
Arkadagymyzyň baş­lan­gy­jy bi­len ge­çen ýyl ka­bul edi­len «Türk­me­nis­tan­da ýaş­lar ba­ra­da­ky döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň 2021–2025-nji ýyl­lar üçin Döw­let mak­sat­na­ma­sy» mö­hüm gol­lan­ma, ýol gör­ke­zi­ji bo­lup hyz­mat ed­ýär. Türk­me­nis­tan­da ýaş­lar ba­ra­da­ky döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy ýö­rel­ge­le­ri­ni, mak­sat­la­ry­ny we we­zi­pe­le­ri­ni hem-de esa­sy ugur­la­ry­ny özün­de jem­le­ýän bu Mak­sat­na­ma­da ýaş ne­sil­le­re döw­let gol­da­wy­nyň mö­hüm ugur­la­ry be­ýan edil­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň gat­naş­ma­gyn­da ýa­ňy-ýa­kyn­da ge­çi­ri­len gu­rul­taý­da bol­sa bu ugur­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň hu­kuk bin­ýa­dy has-da ber­ki­dil­di: «Ýaş­lar ba­ra­da döw­let sy­ýa­sa­ty ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny­nyň re­je­le­nen gör­nü­şi ka­bul edil­di.

Ak­mu­ham­met ÇÜ­RI­ÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.