80 gö­te­ri­mi elekt­rou­lag

130

Ýew­ro­pa­nyň ne­bit-gaz gor­la­ry­na baý ýur­dy bo­lan Nor­we­gi­ýa dün­ýä­de jan ba­şy­na iň köp elekt­rou­lag düş­ýän ýurt ha­sap­lan­ýar. Ge­çen ýyl ýurt­da sa­ty­lan her bäş ula­gyň dör­dü­si elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýär. Nor­we­gi­ýa­nyň Ga­ra ýol­la­ry fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň res­mi mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, «Tes­la» yz­ly-yzy­na ikin­ji ýyl iň köp elekt­rou­lag sa­tan brend bol­dy.
Nor­we­gi­ýa 2025-nji ýy­la çen­li ben­zin we di­zel aw­tou­lag­la­ry­nyň sa­tu­wy­ny ýa­ty­ran il­kin­ji ýurt bol­ma­gy mak­sat edin­ýär. Bu mak­sa­da ýet­mek üçin bol­sa, elekt­rou­lag­ eýeleri sal­gyt­lar­dan bo­şadyl­ýar. On ýyl ozal ýurt­da sa­tyl­ýan ulag­la­ryň 2,9 gö­te­ri­mi­ni elekt­rou­lag­lar eme­le ge­ti­ren bol­sa, bu gör­ke­zi­ji 2021-nji ýyl­da 65 gö­te­ri­me, ge­çen ýyl bol­sa, 79,3 gö­te­rime ýetdi. Brend­ler ha­sa­ba al­nan­da, «Tes­la» (12,2 gö­te­rim) we «Volks­wa­gen» (11,6 gö­te­rim) öň­de­li­gi eýe­le­ýär. Ýurt­da iň köp sa­tyn al­nan ulag «Tes­la»-nyň «Mo­del Y» mo­de­li bo­lup, ikin­ji ýe­ri «Volks­wa­gen ID.4», üçün­ji or­ny «Sko­da Enyaq» eýe­le­ýär.

Baý­ram­mu­ham­met ATA­NE­PE­SOW,
Türk­me­nis­ta­nyň Te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar we in­for­ma­ti­ka ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my.