Koreýa Respublikasynyň «Danuri» atly kosmos enjamy Ýeriň hemrasyny ýakyndan surata düşürdi. Ak-gara suratda Aýyň aňyrsynda Ýer hem görünýär. Ýurduň kosmos agentligi (KARI) bu barada ýaýradan beýanatynda Aýyň suratynyň 120 kilometr golaýyndan düşürilendigini mälim etdi. Beýanatda bu suratlaryň we wideoşekilleriň 2032-nji ýylda Aýa gonulmagy üçin ýer saýlamakda ulanyljakdygy mälim edildi. KARI emeli hemranyň Aýyň daşyndan iki sagatda bir aýlaw edýändigini, enjamyň Aýyň ýüzüniň kartasyny çykaryp, seljerjekdigini we geljek aýdan magnit güýjüni hem-de gamma şöhlelerini hem ölçäp başlajakdygyny mälim etdi. Şeýle hem «Danuri»-niň Ýere iberjek fotosuratlary we wideoşekilleri arkaly kosmos internetiniň synag maksatly ulanylyp görüljekdigi aýdyldy.
Kosmos pudagyna aýratyn ähmiýet berýän Koreýa 2032-nji ýyla çenli Aýa, 2045-nji ýyla çenli Marsa adamsyz uçuşlary amala aşyrmagy maksat edinýär.
Abadan Reýsowa,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.
PDF









