Ykdysadyýet adamyň gündelik durmuşynyň bir bölegidir. Adamlar gündelik durmuşlarynda ykdysady adalgalary peýdalanýarlar, maddy gymmatlyklary döredýärler we sarp edýärler. Maddy nygmatlary öndürmek, paýlamak, alyş-çalyş we sarp etmek boýunça adamlaryň arasynda emele gelýän gatnaşyklar ykdysady gatnaşyklaryň ulgamyny düzýär.
Bazar ykdysadyýetine geçilýän döwürde eýeçilik gatnaşyklarynyň kämilleşmegi, olaryň üýtgedilip gurulmagy, eýeçiligiň köp görnüşliligine geçilmegi, hususyýetçiligiň ösdürilmegi ýaly meseleler örboýuna galýar. Bu ýagdaý ykdysady ulgamda amala aşyrylýan özgertmelere täzeçe çemeleşmeleri talap edýär.
Gahryman Arkadagymyz dünýä döwletleriniň tejribesini öwrenip halkymyzyň däp-dessurlaryndan, ýurdumyzyň ykdysady aýratynlyklaryndan ugur almak bilen biziň döwletimiziň bazar ykdysadyýetine geçmegiň ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuşy üçin bähbitli bolan nusgasyny saýlap aldy. Bu nusganyň esasy aýratynlygy bolsa, onda bazar ykdysadyýetine geçmekde durmuş meseleleriniň öňdäki orunda goýulmagydyr. Biziň ýurdumyzda bazar ykdysadyýetine geçilmeginiň ýene-de bir aýratynlygy bu işi döwletimiziň doly öz üstüne almagydyr. Gahryman Arkadagymyz durmuşa gönükdirilen bazar ykdysadyýeti şertlerinde döwletiň wezipesini şeýle beýan edýär:
– döwlet raýatlaryň mynasyp we howpsuz ýaşaýşynyň kepili bolup durýar;
– döwlet durnuklylygy we ähli ýagdaýlaryň hukuga laýyklygyny üpjün etmek maksatlary bilen bazar ykdysadyýetiniň dolandyrylyşyny öz eline alýar, olar öz nobatynda durmuş institutlaryna täsir edýärler.
«Sanly ykdysadyýet» adalgasy ilkinji gezek 1995-nji ýylda ABŞ-nyň Massaçusets uniwersitetiniň alymy Nikolas Negroponte tarapyndan teklip edilýär. Ol bu adalgany şol döwürde täze kemala gelýän ykdysadyýetiň artykmaçlyklaryny häsiýetlendirmek üçin ulanypdyr we ozalky ykdysadyýet bilen deňeşdirilende, onda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryň ähmiýetiniň artýandygyny delillendirmegi başarypdyr.
Sanlylaşdyrmak ykdysadyýeti hil taýdan ösdürmegiň hem-de dolandyrmagyň netijeli guralydyr. Hususan-da, sanly çemeleşmeleriň, ilkinji nobatda, adamlaryň durmuşyny ýeňilleşdirmäge gönükdirilendigini hasaba alsak, onda onuň jemgyýeti özgerdiji güýçdigine, ösüşi üpjün edýän möhüm ugurdygyna göz ýetirmek bolýar.
Sanly maglumat-aragatnaşyk tehnologiýasy ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda oňyn özgertmeleriň amala aşyrylmagy üçin sarp edilýän wagty azaldýar. Şonuň üçin hem sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi umumy döwlet ähmiýetli mesele hasaplanylýar. Ýurdumyzda sanly ykdysadyýete geçmek Türkmenistanyň Prezidentiniň 2018-nji ýylyň 30-njy noýabryndaky Karary esasynda kabul edilen «Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda amala aşyrylýar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» ykdysadyýetimiziň sanly tehnologiýalara esaslanyp innowasion ösüşinde möhüm ähmiýete eýe bolan resminamalaryň biridir. Munuň şeýledigine Prezident Maksatnamasyndaky: «Maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň mümkinçilikleriniň giňden peýdalanylmagy sanly ykdysadyýete tapgyrlaýyn geçmek üçin şertleri döretmek bilen, döwlet dolandyryşynyň hilini we netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer, ykdysadyýetiň binýatlyk pudaklarynyň we täze toplumlarynyň bäsdeşlige ukyplylygynyň üpjün edilmegi bolsa, ykdysady ösüşe saldamly goşandy üpjün eder» diýen sözlerden hem aýdyň göz ýetirmek bolýar.
Sanly ykdysadyýetiň innowasiýa esaslanan durnukly ösüşi berk binýatly ylym-bilim ulgamy hem-de maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryň döredilmegi we olaryň özara sazlaşykly, oýlanyşykly ulanylmagy netijesinde mümkin bolýar.
Güýçmyrat Soltanmyradow,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň «Jemgyýeti öwreniş ylymlary» kafedrasynyň uly mugallymy,
Amangül Hojageldiýewa,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň «Bank işi» fakultetiniň maliýe we karz taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyl talyby.