Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyrýan döwlet saparynyň çäklerinde ýurdumyzyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary dostlukly ýurduň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen ýaşlary bilen duşuşdylar.
Dostlukly ýurduň abraýly okuw mekdeplerinde tehniki we ynsanperwer bilimleri üstünlikli özleşdirýän türkmen ýaşlary bilen geçirilen duşuşykda, ýurdumyzda ýaş nesliň hemmetaraplaýyn bilim almagy, ylym dünýäsine çuňňur aralaşmagy babatda döwlet derejesinde uly alada edilýändigi aýratyn nygtaldy.
Wekiliýet agzalary bu ýerde bilim alýan talyplara Gahryman Arkadagymyzyň galamyndan çykan «Ömrümiň manysy» atly kitaby gowşurdylar. Talyp ýaşlar döredilýän mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, ýokary derejeli hünärmenler bolup ýetişjekdiklerine hem-de Watanymyza, halkymyza, hormatly Prezidentimize ak ýürekden hyzmat etjekdiklerine ynandyrdylar.