Italiýaly ozalky futbolçy, meşhur ýyldyz oýunçy Janluka Wialli 58 ýaşynda aradan çykdy. Ol 2017-nji ýyldan bäri onkologik keselden ejir çekýärdi. Euro 2020-de Italiýanyň ýygyndysynda öz jan ýaly dosty baş tälimçi Roberto Mançininiň kömekçileriniň biri bolan Wialli golaýda saglyk ýagdaýy sebäpli bu wezipesini taşlamaly bolupdy. Wialli köp wagtdan bäri Londonda ýaşaýardy.

1964-nji ýylyň 9-njy iýulynda Italiýanyň Kremona şäherinde dünýä inen Wialli 1980-nji ýylda «Kremonesada» futbola başlaýar. 4 ýyl bu klubda çykyş edeninden soň özüne uly şöhrat getiren «Sampdoriýa» toparyna transfer bolýar. 1992-nji ýylda «Ýuwentusa» geçen Wialli bu topar bilen 1996-njy ýylda Çempionlar Ligasynyň kubogyny gazanýar. 1996-njy ýylda-da «Çelsi» bilen şertnama baglaşan Wialli bu toparda-da 1999-njy ýyla çenli çykyş edýär. Klub futbolynda 673 oýunda 259 gol geçiren Wialli Italiýanyň ýygyndysy bilen 1990-njy ýylda Dünýä Kubogynda bürünç medala mynasyp bolýar. «Serie A»-da «Sampdoriýadyr» «Ýuwentus» bilen 2 gezek çempion bolan Wialli milli ýygyndyda 59 duşuşykda 16 sapar tapawutlanýar. Wialli gysga wagtlyk «Çelsidir» (1998-2000) «Watford» (2001-2002) toparlaryna tälim beripdi. 2 çaganyň kakasy Wialli tälimçi hökmünde «Çelsi» bilen FA Kubogyny, Liga Kubogyny, UEFA Kubokçylaryň Kubogyny, UEFA Super Kubogyny hem-de «FA Charity Shield» (häzirki Community Shield) kubogyny gazanýar.

Ýeri gelende aýtsak, golaýda «Serie A»-da ençeme ýyl çykyş eden serbiýaly meşhur goragçy Sinişa Mihailowiç hem onkologik keselden aradan çykypdy.