Türkiýe Respublikasynyň Antalýa şäherinde geçirilen Aziýanyň parlament assambleýasynyň 13-nji mejlisine Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy Gülşat Mämmedowa gatnaşdy.

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň başlygy Mustafa Şentopyň başlyklyk etmeginde geçirilen mejlise dünýäniň 27 ýurdundan parlament wekiliýetleri gatnaşdy.

“Üýtgeýän halkara arenasynda köptaraplylygy ösdürmek” şygary bilen geçirilýän Aziýanyň parlament assambleýasynyň Aziýanyň parlament assambleýasynyň baş sekretary Mohammed Reza Majidi we Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň başlygy çykyş edip, Aziýanyň parlament assambleýasynyň maksatlary we wezipeleri barada aýtdylar.

Çykyşlarda parlament diplomatiýasynyň ählumumy giňişlikde köp sanly meseleleri çözmekde ygtybarly gurala öwrülýändigi bellenildi.

Aziýanyň parlament assambleýasy 2006-njy ýylda döredildi we ol Aziýanyň parlament assosiasiýasynyň oruntutary boldy.

Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy Gülşat Mämmedowa Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentop bilen duşuşdy.