10-njy ýanwarda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Gyrgyzystanyň Türkmenistandaky täze bellenen ilçisi Azizbek Madmarow bilen duşuşdy.

Ilçi Türkmenistanyň Daşary işler ministrine ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy we Türkmenistandaky diplomatik missiýasynyň dowamynda türkmen-gyrgyz gatnaşyklaryny has-da giňeltmek we pugtalandyrmak üçin ähli tagallalary etjekdigini aýtdy.

Söhbetdeşlikde R.Meredow Gyrgyzystanyň ilçisini jogapkär wezipä bellenmegi bilen gutlady we diplomatik işlerinde üstünlik arzuw etdi.

Taraplar özara gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin iki ýurduň wekiliýet agzalarynyň ýokary derejedäki özara saparlarynyň guralmagynyň möhümdigini bellediler. Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gyrgyz toparlarynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmekdäki işine aýratyn üns berildi. Şeýle hem, elektroenergetika, ulag-logistika, medeni ugurlardaky hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.