Şazada Garriniň “Ätiýaçdaky” atly ýatlamalar kitaby Beýik Britaniýada satuwa çykaryldy. Ýurduň habar beriş serişdeleriniň maglumatlaryna görä, 9-10-njy ýanwar gijesi käbir kitap dükanlary iňlis maşgalasynyň agzasynyň kitabyny ilkinji bolup satmak üçin açyk durdy. Şazada Garriniň kitabynyň ispan dilindäki görnüşi 5-nji ýanwarda ýalňyşlyk bilen satuwa çykarylansoň, kitapdan alnan käbir parçalar Günbatar habar beriş serişdeleri tarapyndan ýaýradyldy.

Şazada Garri kitapda ejesi Diananyň pajygaly ölümi, maşgalasy bilen gatnaşyklary, Owganystanda gulluk eden günleri we beýlekiler barada gürrüň berýär.

Kitabyň bahasy 18-den 24 funt sterling aralygynda üýtgeýär. Meşhur amerikan žurnalisti, ýazyjysy, Pulitser baýragynyň eýesi Jon Jozef Moringer Sasseksk gersogyna öz başdan geçirenlerini çeper dilde beýan etmäge kömek etdi. Maglumatlara görä, şazada Garriniň galam haky 20 million dollar, ony çap eden neşirýat bolsa, diňe öz çykdajylaryny ýapmak üçin 1,7 million nusgada awtobiografik eseri satmaly bolar.