Hindistanyň hökümeti “ýaşyl” wodorodyň önümçiligini höweslendirmek maksady bilen 179,9 milliard rupiýa (2,15 milliard dollar) bölünip berilmegini tassyklady. Bu meýilnama bäş ýylyň dowamynda durmuşa geçiriler. Maksatnama ýurtda amala aşyryljak önümçilik bilen çykdajylaryň 20% arzanladylmagy göz öňünde tutulýar. Häzirki wagtda Hindistanda uglerod öndürmegiň bahasy 1 kg üçin ortaça 300-400 rupiýa (4-5 dollar) barabardyr. Bilermenleriň pikiriçe, bu maksatnama ýurduň 2070-nji ýyla çenli uglerod zyňyndylaryny nola çenli azaltmak baradaky maksatnamasyna ýetmäge ýardam eder.
“Ýaşyl” wodorod gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri ulanylyp suwuň elektrolizi bilen öndürilýär. Soňky ýyllarda ençeme ýurt “ýaşyl” wodorody energiýa üpjünçiligini diwersifikasiýa etmek we uglerodyň bitaraplygyny gazanmak üçin möhüm gural hökmünde görüp başlady. Ozal 2030-njy ýyla çenli dünýäde wodoroda bolan isleginiň 130 million tonna, 2050-nji ýyla çenli bolsa 600 million tonnadan geçjekdigi çak edilýärdi. Şol bir wagtyň özünde dünýäde eýýäm durmuşa geçirilýän wodorod energiýa taslamalarynyň bahasy 240 milliard dollardan geçýär.
Häzirki wagtda kömür dünýädäki esasy energiýa çeşmeleriniň biri bolmagynda galyp, dünýäde elektrik energiýasyny öndürmek üçin sarp edilýän çeşmeleriň 26% -ini emele getirýär.
Gurban Öwlýägulyýew, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.
PDF









